Amangeldi Gurbandurdyýew


Amangeldi Gurbandurdyýew
(1932-2011)



Amangeldi Gurbandurdyýew 1932-nji ýylyň 17-nji maýynda Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Ýarajy obasynda dogulýar.
Onuň çagalyk ýyllary urşuň ýowuz ýyllaryna gabat gelýär. Aman Gurbandurdyýew entek mekdepde okaýarka, saz sungaty bilen içgin gyzyklanýar. Ýewropa saz gurallarynyň iň näzik seslisi bolan «alt» saz guralyny çalmagy öwrenip başlaýar. Uly simfoniki orkestrlerde saz çalmagy arzuw edýär. Aman mekdebi tamamlandan soň, Türkmen döwlet opera we ba-let teatrynyň ýanyndaky opera studiýasynda okaýar. Ol okuw döwründe ope-ra aýdymçysy hökmünde «Gyzlar we guwlar» atly çagalar operasynda kirpi-niň keşbini janlandyrýar. 1954-nji ýylda Aman Gurbandurdyýew Moskwa-nyň Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatral sungaty institutyny tapawutlanan diplom bilen tamamlaýar. Onuň sahna sungatyna bolan ilkinji ädimleri şowly başlanýar. Onuň sahnada «Bir görlen tanyş», «Ýürek ody» ýaly spektakllar-daky döreden keşpleri tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Ol 1956–1957-nji ýyllardan başlap, Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň ýanyndaky drama studiýada mugallymçylyk edip, artistçilik sungatynyň pedagogikasyny özleşdirmek bilen, talyplara tälim berýär. Onuň tälim beren oglandyr gyzlarynyň ençemesi görnükli, tejribeli, belli sungat us-satlary bolup ýetişdiler.

Aman Gurbandurdyýewiň ir döwürler artist hökmünde teatryň sahna-synda janlandyran keşplerinden «Zöhre we Tahyr» spektaklynda Tahyryň, «Aýgytly ädim» spektaklynda Aşyryň, «Derňewçide» Portmeýsteriň, «Jadyly nagyşlarda» Çinbarzanyň, «Çalaran başlarda» Nurmyradyň, «Aý tutulan gije-sinde» Derwüşiň, «Hazynalar adasynda» Kakajanyň, «Myhmanhanadaky ba-şagaýlykda» Koloşiniň keşpleri halkyň aňynda galan keşplerdir. Aman Gurbandurdyýew birnäçe drama eserlerini hem döredýär. Ol 1970-nji ýylda Moskwa şäherindäki ýokary režissýorçylyk kursuna okuwa girip, diplom işi üçin Şekspiriň «Romeo we Julýetta» tragediýasyny türkmen teatrynda sahnalaşdyrýar. Onuň režissýor hökmünde döreden «Hüýrlukga-Hemra», «30-njy ýyllar», «Joralar», «Ýürek ýürege habar berýär», «Agyr günler» ýaly özboluşly spektakllary teatr muşdaklarymyzyň söýgüsini gazandy. Ol spektakllar ençeme ýyllaryň dowamynda türkmen teatrynyň repertuarynyň bezegi bolýar. Aman Gurbandurdyýew filmlere ses bermegiň hem ussadydyr. Onuň daşary ýurt filmlerini türkmen diline geçirmekde-de goşandy örän uludyr. Aman Gurbandurdyýewe milli teatr we kino sungatyny ösdürmekde bitiren işlerini, şeýle hem ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygyny göz öňünde tutup, 1964-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at, 1980-nji ýylda bolsa, «Türkmenistanyň halk artisti» diýen belent at dakylýar. Şonuň ýaly-da ol 1985-nji ýylda Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi bolýar. Ol «Watana bolan söýgüsi üçin», «Gaýrat» medallary bilen hem sylaglanyldy.