Ata Atajanow
(1922-1989)
Şahyr, kyssaçy, dramaturg we terjimeçi Ata Atajanow 1922-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň 2-nji Gökje obasynda eneden doguldy. Ol çagalyk ýyllarynda oba mekdebinde orta bilim alýar. 1933-nji ýylda Marynyň mugallymçylyk tehnikumyna okuwa girýär. 1934-1937-nji ýyllarda Daşkent şäherindäki mugallymçylyk tehnikumynda okuwyny dowam edýär. 1937-1938-nji ýyllarda Aşgabat mugallymçylyk institutynyň dil we edebiýat bölüminde okaýar. 1959-1960-njy ýyllarda SSSR Ýazyjylar Birleşmesiniň Ýokary edebiýat kursunda okaýar.
Zähmetsöýer mugallym, zehinli dörediji, ussat guramaçy we işjeň jemgyýetçilik işgäri bolan A.Atajanow 1940-1941-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda oba mekdebiniň okuw bölüminiň müdiri wezipesinde zähmet ýoluna başlaýar. 1941-1942-nji ýyllarda «Lenin baýdagy» atly Mary welaýat gazetiniň habarçysy, korrektory, 1942-1943-nji ýyllarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Merkezi Ýaşlar gurmasynyň Mary welaýat komitetiniň (öňki Türkmenistanyň Merkezi Komsomol gurmasynyň Mary oblast komiteti) usulyýetçisi, 1943-1945-nji ýyllarda Türkmenistan Radiokomitetiniň Mary welaýaty boýunça wekili, 1946-njy ýyldan «Watan» (öňki «Ýaş kommunist») gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary, 1953-1955-nji ýyllarda Balkan welaýat (öňki Krasnowodskiý oblast) gazetiniň redaktory, 1955-1958-nji ýyllarda «Türkmenistan» (öňki «Sowet Türkmenistany») gazetiniň redaktory, 1958-1960-njy ýyllarda «Garagum» (öňki «Sowet edebiýaty») žurnalynyň bölüm müdiri, baş redaktorynyň orunbasary 1964-1971-nji ýyllarda öňki Türkmenistanyň Ministrler Sowetiniň Metbugat işleri boýunça döwlet komitetiniň Baş redaktorlar kollegiýasynyň baş redaktory, 1971-1972-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ýazyjylar jemgyýetiniň dolandyryş edarasynyň başlygynyň orunbasary, 1975-nji ýylda «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri, 1979-1986-njy ýyllarda öňki Türkmenistanyň meýletin kitapsöýüjiler jemgyýetiniň baş edarasynyň başlygynyň birinji orunbasary wezipelerinde zähmet çekýär. 1986-njy ýyldan soňra erkin döredijilik işi bilen meşgullanýar.
Şahyryň ilkinji goşgylary 1941-nji ýylda gazet-žurnallarda, 1948-nji ýylda bolsa «Alma ýene gülleýär» atly ilkinji goşgular ýygyndysy çap edilýär. Söz ussadynyň 1961-nji ýylda «Guşgy galasy», 1962-nji ýylda «Sallançagym sähram meniň», 1964-nji ýylda «Nan bilen namys», 1965-nji ýylda «Öçme ojagym» ýaly kitaplary çap edilip, okyjylaryň gyzgyn söýgüsini gazandy. Onuň 1964-nji ýylda çap edilen «Guşgy galasy» diýen taryhy dramasy, «Men size ynanýan» diýen pýesalary türkmen topragyny gülzarlyga öwürmek barada alnyp barylýan beýik işleri wasp edýär. Dramaturg mundan başga-da, «Ýalkymly ýürekler» operasynyň we «Hiçden giç ýagşy» diýen sazly komediýa oýnunyň liberettolaryny ýazdy. Onyň taýýarlan edebi ýazgylarynyň esasynda «Adam we Zemin», «Aşgabat – Reutowa» ýaly birnäçe dokumental kinofilmler surata düşürildi.
«Çakmak» atly romanynda bolsa türkmen durmuşynyň ajaýyplyklary, ata-babalarymyzdan gelýän asylly däp-dessurlarymyz, ynsanperwerlik ýörelgeleri hem-de halklaryň dostlugynyň waspy belentden ýetirilýär. «Seniň tanyşlaryň» romanynda ýazyjy türkmen medeniýetiniň ýeten beýik sepgitleri, Watanymyzyň ösüşine saldamly goşant döredijilik we ylym adamlarynyň ykbaly giňden beýan edilýär. A.Atajanow ussat terjimeçi hökmünde hem türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyrdy. Onuň işeňňirlik bilen terjimeleriniň esasy bölegi goňşy we doganlyk halklaryň nusgawy şahyrlarynyň eserleridir. Onuň terjime eden Rudakiniň, Saýat Nowanyň, A.Puşkiniň, S.Wargunyň, R.Gamzatowyň eserleri türkmen okyjylary tarapyndan gyzgyn garşylandy. Şahyryň öz şygyrlary hem dünýäniň dürli halklarynyň dillerine terjime edilýär. Onuň şygyrlar ýygyndylary sowet şygryýetiniň antologiýasyna, Bütindünýä edebiýatynyň kitaphanasyna girýär. Şygyrlaryna düzülen aýdymlar biziň bagtyýarlyk döwrümizde hem öz meşhurlygyny ýitirmän gelýär.
A.Atajanowyň Watan öňünde bitiren uly hyzmatlaryna ýokary baha berilýär. Oňa 1984-nji ýylda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly at dakylýar. ol 1944, 1948, 1955-nji ýyllarda Türkmenistanyň Hökümetiniň Hormat hatlary, 1946-njy ýylda «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda edermenlikli zähmeti üçin», 1975-nji ýylda «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşynyň Ýeňişiniň 30 ýyllygy» medallary we 1982-nji ýylda «Halklaryň dostlugy» ordeni bilen sylaglanýar. Halk ýazyjysynyň ýokary çeperçilikli eserleri onuň zehininiň öňünde baş egýän okyjylaryň kalbynda müdimilik ýaşaýar.