Bazar Amanow


Bazar Amanow

(1908-1981)



Bazar Amanow 1908-nji ýylyň 5-nji maýynda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Babadaýhan obasynda eneden doguldy. Bazar Amanow ilki Tejeniň internadynda, soňra Marynyň internadynda okaýar. Soňra 1926-njy ýylda Aşgabada gelip, ilkinji açylan teatr studiýasyna okuwa girýär we ony 1929-njy ýylda gutarýar hem Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda (häzirki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry) artist bolup işe başlaýar. Şol ýyldan hem B.Amanow döredijilik işine başlaýar. Ol teatrda ilkinji gezek A.Haldurdyýewiň «Galyňsyzlar» sahna oýnunda Atamyradyň şowly keşbini döredýär. Şol ýyllarda teatrda W.Gogolyň «Derňewçi» spektaklynyň sahnalaşdyrylyp, bu spektaklda Bazar Amanow Osipiň ýatda galyjy keşbini janlandyrýar. 1939-njy ýylda Bazar Amanow «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolýar. Şol ýylda B.Amanow ilkinji gezek dramaturgiýada öz güýjüni synap görýär. Ol Mollanepesiň «Zöhre-Tahyr» dessany esasynda adybir drama eserini ýazýar. «Zöhre-Tahyr» spektakly B.Amanowyň köptaraply zehininiň açylmagyna mümkinçilik berýär. Ol diňe bir dramaturg bolman, eýsem spektaklda Wahydyň keşbini döredýär hem-de bu oýna režissýorlyk edýär. Ýöne Bazar Amanow artistlik keşbini ussatlyk bilen dowam etdirýär. Ol dürli ýyllarda B.Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» oýnunda Gully hanyň, G.Muhtarowyň «Otuzynjy ýyllar» oýnunda Pälwanyň, A.Ostrowsikiniň «Garyplyk aýyp zat däl» oýnunda Lýubim Tarsewiň, A.Kolomeýsiň «Faraonlar» oýnunda Anisimiň, Hamza Hekimzada Nyýazynyň «Baý we batrak» oýnunda Salyh baýyň, S.Usmanyň «Jeňňelde bir gije» oýnunda Musanyň, «Otelloda» Ýagonyň keşplerini ussatlyk bilen döredýär we tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp bolýar.

B.Amanow diňe aktýorçylyk işi bilen meşgul bolman, dramaturgiýada-da hem öz ornuny tapdy. Ol 15-e golaý sahna eserini ýazdy. Olaryň içinde: «Kemine», «Soltan Sanjar», «Jadyly nagyşlar», «Aýazhan», «Zöhre-Tahyr», «Mollanepes» we başgalar. Onuň «Zöhre-Tahyr» (1937 ý.), «Kemine» (1942 ý.), «Mollanepes» (1963 ý.) atly dramalary köp ýyllaryň dowamynda sahnadan düşmän oýnalan eserler boldy. Aýratyn-da B.Amanowyň G.Burunow bilen ýazan «Keýmir kör» atly taryhy dramasy türkmen teatr sungatynyň altyn hazynasyna ymykly giren eser boldy. Ol 1960-njy ýylda «Aýaz han» atly sahna eserini ýazýar hem-de bu eser 1961-nji ýylda sahnalaşdyrylyp, teatr tomaşaçylaryna ýetirilýär. 1963-nji ýylda Bazar Amanowyň «Aýlar» pýesasy esasynda sahnalaşdyrlan adybir spektakl tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolýar. Hut şol ýylda hem B.Amanow «Mollanepes» atly pýesasyny döredýär.

B.Amanow birnäçe çeper filmlerde-de surata düşdi. «Prokuror» çeper filminde Sapar baýyň, «Çopan ogly» çeper filminde Nepesiň, «Aýna» çeper filminde Esen baýyň, «Japbaklar» çeper filminde Kelek baýyň keşplerini döredip, özüniň zehininiň köptaraplylygyny, ýokary ussatlygyny açyp görkezdi.

Milli türkmen teatr sungatyny ösdürmekde we kämilleşdirmekde bitiren hyzmatlary üçin 1965-nji ýylda B.Amanowa «SSSR-iň halk artisti» diýen hormatly at dakylýar.