Çary Nurymow


Çary Nurymow
(1941-1993)



Çary Nurymow 1941-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häzirki Bagt geňeşliginiň Täze güýç obasynda dogulýar. Ol Aşgabat şäherindäki döwlet sazçylyk uçilişşesinde (häzirki D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi) bilim alýar. Bu ýerde orkestr saz guraly goboý we sazyň nazaryýeti ugrundan okap, şol bir wagtda ol saz döretmek boýunça Türkmenistanyň halk artisti Aşyr Kulyýewden tälim alýar. Soňra Moskwa şäherindäki Gnesinler adyndaky döwlet saz-mugallymçylyk institutyny professor G.Litinskiniň ýolbaşçylygynda kompozisiýa boýunça tamamlaýar.
1964-nji ýylda okuwy tamamlap, Türkmenistana gelen ýaş kompozitoryň döredýän eserleri uly meşhurlyk gazanyp başlaýar. Ol kinofilmler üçin sazlary, fortepiano üçin pýesalary, romanslary we aýdymlary ýazýar. Kompozitoryň döredijiliginde aýdymlar aýratyn orun eýeleýär. Olaryň heňleri türkmen halk folklory bilen çuň bagly bolup durýar. «Toý aýdymy», «Näzlim uz maňa», «Aýgözel», «Türkmenistan — baharystan» ýaly aýdymlary bagtyýarlyk döwrümizde halkymyzyň arasynda meşhur aýdymlar hökmünde toý-baýramçylyklarda ýaňlanýar. Sazy beýan etmegiň tärleri, sazlaşyklyk usullary, äheň düzümi Ç.Nurymowyň eserlerine özboluşly öwüşgin çaýýar. Ol türkmen milli sazlarynyň gadymy däp-dessurlaryny täze, döwrebap görnüşlerde açyp görkezýär.
Döredijilik ýolunyň dowamynda kompozitor elmydama täzelikleri gözleýär. Ussatlyk bilen döreden eserleri barada aýdylanda, onuň 11 sany saz guraly üçin döreden «Teke nagyşlary» atly eserini ýatlamak bolar. Bu eserde kompozitor türkmen halkynyň durmuşyny, onuň däp-dessurlaryny, taryhyny, tebigatyny şöhlelendirýär. «Teke nagyşlaryndan» soňra döredilen «Fortepiano üçin konsert» hem ýurdumyzda ilkinji uly konsert eseridir. Ç.Nurymow truba, trombon ýaly üflenip çalynýan saz gurallary üçin konsert eserlerinide döredipdir. Kompozitoryň truba we orkestr üçin konsertini bolgariýaly meşhur ýerine ýetiriji Pýotr Karparow ilkinji gezek çalýar. Ussat kompozitor Çary Nurymow ilkinji bolup fortepiano saz guraly üçin fuga, kanon, fugettalar, prelýudiýalar ýaly köp sesli eserleri ýazýar. «Fortepiano üçin Ekspromt — fantaziýa» ajaýyp eserleriniň biri bolup, ol ýurdumyzda pianinoçylaryň söýgüli eserleriniň hataryna girýär. Bu eser halk döredijiligine ýakyn äheňde uly ussatlyk bilen ýazylypdyr.
Ç.Nurymowyň döreden sazlary diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, daşary ýurtlaryň sazandalary tarapyndan hem uly höwes bilen ýerine ýetirilýär. Onuň «Teke nagyşlary» Polşada ýaňlanýar. Ruana şäherinde geçirilen halkara festiwalynda ýerine ýetirilen «Gazallar» toplumy bolsa mukam öwüşginleri taýdan diňleýjilerde aýratyn täsir galdyrýar. Bu eseriň sazynda kompozitor liriki goşgynyň häsiýetlerini sazyň dili bilen açyp görkezýär.
1988-nji ýylda Boston şäherinde geçirilen uly festiwala Ç.Nurymow hem Türkmenistanyň beýleki kompozitorlary bilen bir hatarda öz eserlerini hödürleýär. Ýerine ýetirilen eserleriň arasynda «Gazallar», «Teke nagyşlary» sazlary Orta Aziýa we Günbatar döwletleriniň däp-dessurlarynyň sazlaşmagyna synanyşmasydyr. Boston şäheriniň görnükli tankytçylarynyň bellemegine sgörä, kompozitoryň örän täsirli we özboluşly saz eserleri öz ykraryýetini gazanýar. Bu eserler dünýä döwletlerinde geçirilýän dabaralarda elmydama ýerine ýetirilip durýar. 2006-njy ýylda Niderland Patyşalygynda «Gazallar» toplumy belentden ýaňlandy.
Ç.Nurymowyň eserleri elmydama aýratyn dili, dünýägaraýşy bilen tapawutlanýar. Ol türkmen ruhy dünýäsini özboluşly äheňlerde we mukamlarda açan, türkmen saz sungatyny dünýä belli eden milli kompozitorlarymyzyň biridir. Çary Nurymow türkmen aýdym-saz sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin 1986-njy ýylda «Türkmenistanyň Halk artisti» diýen hormatly ada eýe bolýar. 2016-njy ýylda döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Karary bilen ussat kompozitor Çary Nurymow «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy.