Maşdy GULMÄMMEDOW (1921–1963)


Maşdy GULMÄMMEDOW (1921–1963)



Maşdy Gulmämmedow 1921–nji ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda eneden dogulýar. M.Gulmämmedow – teatr režissýory. Ol 1940-njy ýylda orta mekdebi gutaryp, radionyň alypbaryjysy (diktor) bolup işledi. Radionyň edebi gepleşikler bölüminde hekaýalar, goşgular okaýar, radiooýunlara gatnaşýar, ýaýlyma goýberilýän gepleşikleriň şowly bolmagyna uly ýardam berýär.

Maşdy Gulmämmedow 1941–1945-nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşýar. 1951-nji ýylda Daşkendiň A.N.Ostrowskiý adyndaky teatr we çeperçilik institutyny tamamlaýar. M.Gulmämmedow diplom işi hökmünde ilkinji gezek «Murgabyň kenarynda» atly sahna oýnuny goýdy. Soňra ol 1951-nji ýylda Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet drama teatrynda režissýor bolup işleýär. Ol teatrda sahnalaşdyrylan «Bagt» oýnunda Pawlenkonyň, B.Amanowyň «Kemine we kazy» oýnunda Amanowyň keşplerini döretdi. Ol, ilki teatrda režissýoryň kömekçisi hökmünde işleýär. Soňra ol teatryň baş režissýory hökmünde B.Annanurowyň «Synag», Gogolyň «Derňewçi», T.Esenowanyň «Bibiniň bagty», A.Atajanowyň «Guşgy galasy», G.Muhtarowyň «Murgabyň kenarynda», H.Derýaýewiň «Ykbal», W.S.Iwanowyň «Bronopoýezd-14–69» ýaly sahna eserlerini sahnalaşdyrýar.

M.Gulmämmedow öz hünärini ýokarlandyrmak maksady bilen, Moskwanyň A.W.Lunaçarskiý adyndaky teatr-çeperçilik sungaty institutynda okaýar.