Baýrammyrat Kerimow


Baýrammyrat Kerimow



Baýrammyrat Kerimow 1945-nji ýylyň 9-njy fewralynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Ýarajy obasynda eneden bolýar. 1965-nji ýylda G.Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumyny tamamlap, 1968-nji ýylda Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki drama teatrynda döredijilik ýoluna başlady. Baýrammyrat Kerimowyň teatrda döredijilik ýoluna başlan ilkinji ýyllarda dürli many-mazmundaky spektakllarda öz ýaşyna gabat gelýän ýaş ýigitleriň, käte bolsa öz ýaşyndanam has uly bolan sahna gahrymanlarynyň keşplerini döretmek ynanylýar. Ol milli teatr sungatymyzyň taryhyna giren «Keýmir kör», «30-njy ýyllar», «Seniň yşkyňda», «Ykbal», «Toýuň topalaňy», «Söýgi», «gyz salgydy», «Gelin gelýär», «Perwana», «Gala», «Nejeboglan» ýaly spektakllarda dürli häsiýetdäki gahrymanlaryň keşplerini ynandyryjy we ýatda galyjy döretdi.

Uzak ýyllar teatr sahnasynda taplanyp, ençeme keşpleri döreden artist onlarça spektakllarda dürli häsiýetdäki keşpleri ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp boldy. Onuň teatr sahnasynda döreden «Japbaklar» oýnunda Kelek baýyň, «Goňşyň nalasy» spektaklynda Faridiň, «Söýgi» spektaklynda Ýelliniň, «Türkmennama» spektaklynda Öwezmyradyň, «Ýediň enesi» spektaklynda Kemalyň we başga-da birnäçe keşpleri tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp boldy. Baýrammyrat Kerimow şu günler hem önjeýli işlemegini dowam edýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde sahnalaşdyrylan «Göroglynyň sawçylary» spektaklynda Bekiniň, «Galkynyşyň ak gülleri» oýnunda Tarhan Babaýewiçiň, «Awazanyň gülleri» oýnunda Tyrranyň, «Ýürek ody» oýnunda Merdanyň keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. B.Kerimow bagtyýarlyk döwrümizde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz halkyna sowgat eden «Döwlet guşy» atly taryhy romany esasynda sahnalaşdyrylan sahna eserinde Berkeli aganyň keşbini ussatlyk bilen ýerine ýetirip, spektaklyň şowly çykmagyna mynasyp goşandyny goşdy. Ol Oguzhan adyndaky Türkmenfilm birleşigi tarapyndan surata düşürilen «Köpetdag – egser ýigidiniň arzuwy» atly çeper filmde polkownigiň keşbini döretdi. Onuň bagtyýarlyk döwrümiziň belent ruhuny kino sungatynda has çeper suratlandyrýan keşpleriniň biri-de «Bagta barýan ýollar» atly filmdäki Ýalkap aganyň keşbidir. Halypa artist şeýle hem, täze surata düşürilen «Heserli» atly çeper filmde Tarhan baý atly sahawatly ýaşulynyň keşbini ussatlyk bilen janlandyrdy.
Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň milli teatr we kino sungatyny ösdürmekde we halk köpçüligine ýaýmakda bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Baýrammyrat Kerimowa 1993-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen, 2013-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at dakyldy. Ol 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy.