Berdi Kerbabaýew


Berdi Kerbabaýew
(15.03.1894-23.07.1974)


ХХ asyr türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy Berdi Myradowiç Kerbabaýew 1894-nji ýylda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Gowkyzereň obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Ol çagalyk döwründe ilki obadaky mekdepde, soňra Tejende, Kakada, Buharada medreselerde okap bilim alýar.

B. Kerbabaýew 1919-njy ýylyň maý aýynda Zakaspiý frontunyň ygtyýarly wekili, soňra Tejen uýezd halk magaryfy bölüminiň inspektory, bilim bölüminiň başlygy ýaly dürli kärlerde zähmet çekýär.

Ol döredijilik işine 1924-nji ýylda başlaýar. 1924-1927-nji ýyllarda «Türkmenistan» gazetiniň bölüm müdiri, 1927-1928-nji ýyllarda Leningradyň (häzirki Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheri) Gündogar institutynyň talyby, 1928-1932-nji ýyllarda ýene-de «Tokmak» žurnalynyň bölüm müdiri, 1932-1933-nji ýyllarda döredijilik işinde, 1933-1934-nji ýyllarda Döwlet neşirýatynyň edebi terjimeçisi, 1934-1936-njy ýyllarda NKProsa ylmy müdirliginiň başlygy, 1936-1942-nji ýyllarda döredijilik işinde, 22.08.1942-20.04.1944-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň jogapkär kätibi, 20.04.1944-01.08.1950-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy, 01.08.1950-16.03. 1959-njy ýyllarda döredijilik işinde, 16.03.1959-31.03.1962-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy, 31.03.1962-22.10.1965-nji ýyllarda döredijilik işinde, 22.10.1965-16.05.1971-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy, 16.05.1971-nji ýyldan ömrüniň ahyryna çenli döredijilik işinde bolýar.

B.Kerbabaýew 1942-nji ýylda «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», 1967-nji ýylda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy», 1969-njy ýylda «Sosialistik Zähmetiň Gahrymany» diýen hormatly atlara we ençeme orden-medallara mynasyp bolýar. Ol Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň iki gezek (1966, 1970 ýý.) eýesidir. Berdi Kerbabaýew Hindistan, Russiýa Federasiýasy, Germaniýa, Müsür, Bolgariýa, Owganystan, Senegal, Mali, Rumyniýa, Gwineýa ýaly ençeme döwletlerde bolup, türkmen edebiýatynyň dünýä çykmagyna uly goşant goşýar. Onuň «Aýgytly ädim», «Nebitdag», «Suw damjasy-altyn dänesi», «Aýsoltan», «Gyzlar dünýäsi», «Kepän dodaklar», «Japbaklar» ýaly ençeme romanlary, powestleri, hekaýalary, poemalary, pýesalary, librettolary milli edebiýatymyzyň ösmeginde möhüm ähmiýetli boldy. Meşhur ýazyjynyň diňe «Aýgytly ädim» romany dünýäniň 45 diline terjime edildi.

Gahryman Arkadagymyzyň türkmen edebiýaty hakynda goldaw-hemaýatlary netijesinde 2011-nji ýylda B.Kerbabaýewiň goşgular kitaby türkmen elipbiýinde neşir edilip, okyjylara gowuşdy. Bu kitaba Berdi aganyň ençeme goşgulary bilen birlikde, «Amyderýa», «Aýlar», «Balkanyň eteginde», «Türkmenistanda bahar» atly poemalary girizildi.