Amangeldi Baýramberdiýew (1941-2001)ý.ý.


Amangeldi Baýramberdiýew (1941-2001)ý.ý.



Amangeldi Baýramberdiýew 1941-nji ýylyň 23-nji fewralynda Aşgabat şäherinde eneden bolýar. 1963-nji ýylda Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatr sungaty institutyny tamamlady we drama we kino aktýory boýunça hünäri ele aldy. Ol entek institutda okap ýörkä, “Kolin tokaýlygy”, “Garga”, “Gyzyl balyk” atly sahna oýunlarynda baş keşpleri ýerine ýetirýär. Ýokary okuw mekdebini tamamlap, A.Baýramberdiýew ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda artist wezipesinde işläp başlady. Teatr tomaşaçylary A.Baýramberdiýewi “Komsomol sözi” atly sahna oýnunda döreden Amanyň keşbinden soň giňden tanap başlaýarlar.
Ol 1965-nji ýylda täze açylan ýaş tomaşaçylar teatryna işe barýar. A.Baýramberdiýew bu teatrda uzak ýyllaryň dowamynda işlemek bilen, özüniň zehinini, ukyp-başarnygyny görkezmegi başarýar. Ol hatda teatryň ýolbaşçy wezipesinde-de işleýär. Diňe sahnada keşp döretmek däl, ol bu teatryň ähli işlerine işeňňir gatnaşyp, onuň ody bilen girip küli bilen-de çykdy. Ol teatrda goýulýan spektakllaryň ençemesinde režissýoryň kömekçisi boldy.
1979-njy ýylda ol Moskwanyň iki ýyllyk ýokary režissýorlyk kursuna okuwa girýär. Ony tamamlan ýyly hem teatrda Begi Suhanowyň “Baharyň yssy güni” diýen sahna eserini sahnada goýýar. Aman Baýramberdiýew teatryň sahnasynda döreden keşplerinden hindi dramaturglarynyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan “Çanduwyň başdan geçirenlerinde” baş keşbi, “Ezopda” döreden keşbi, şeýle-de “Bakja giren kirpilerde” ýerine ýetiren keşpleri teatr muşdaklarynyň söýgüsine mynasyp boldy. Bu keşpler artistiň tükeniksiz yhlasy, erjelligi bilen sahna çykdy. Olaryň arasynda “Ömrümiň örki” spektaklyndaky Aman Durdyýew, “Ak gämidäki” ömrüni tebigaty goramaga bagyş eden Mömün, “Altyn ýyldyzdaky” A.Baýramberdiýewe özüni kino artisti hökmünde-de tanatmak başardýar. Onuň “Aýal ata çykanda”, “Kemine” atly çeper filmlerde janlandyran keşpleri kino muşdaklaryny haýrana goýdurdy.
Ol geçen asyryň 80-nji ýyllaryndan tä ömrüniň ahyryna çenli körpeleriň “Siziň üçin körpeler” atly gepleşigi alyp bardy. Teatrda işlän döwründe A.Baýramberdiýew 30-dan gowrak keşp döretdi. Olardan artisti meşhurlyk derejesine ýetirenlerden “Öýlenmek” atly sahna oýnundaky Koçkarýowyň, “Otellodaky” Ýagonyň, “Ak gämidäki” Möminiň keşpleridir. A.Baýramberdiýewe soň Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda hem artist hem režissýor bolup işlemek miýesser etdi. Şonda onuň “Ezop” spektaklynda grek akyldary Ksanfyň keşbini ýerine ýetirmegi ýokary baha mynasyp boldy. “Şeýtan nesilleri” spektaklyndaky Ýolamany hem artiste uly meşhurlyk getirdi. A.Baýramberdiýew 30-dan gowrak kinostudiýanyň terjime işine gatnaşdy.
A.Baýramberdiýew 1991-nji ýylda “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly at dakyldy. 1996-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen sylaglanyldy.