Aşyrmämmet Dawudow


Aşyrmämmet Dawudow
(1930-2011)



Aşyrmämmet Dawudow 1930-njy ýylda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda dogulýar. Ol ХХ asyryň 40-njy ýyllarynyň başlarynda Bereket etrabynyň merkezinde, Balkan sebitlerinde adygan bagşy Soltan Atanepesowyň ýolbaşçylygyndaky aýdym-saz toparynda tälim alýar.
A.Dawudowyň aýdan aýdymlary Türkmen radiosynda ilkinji gezek 1952-nji ýylda ýaňlanýar. Şonda «Boý bibi» hem-de «Göwnüm seni» ýaly aýdymlary ýazylýar. Soňra ol Pürli Saryýew, Sahy Jepbarow, Çary Gurbanow, Çary Täçmämmedow, Tugur Berdinyýazow ýaly halypalaryň goldaw-ýardam bermegi netijesinde «Akjagül», «Ogulbeg», «Akmeňli», «Jerenim», «Tapylar» ýaly ýene-de birnäçe özboluşly aýdymlary ýazga berip, ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygyny äşgär edýär. A.Dawudow özüniň ajaýyp zehini bilen milli bagşyçylyk sungatymyzyň Balkan şahasynyň ýaýrap berkemegine uly goşant goşýar.
Aşyrmämmet Dawudow ýurdumyzyň aýdym-saz sungatynda bitiren hyzmatlary üçin ilki «Türkmenistanyň at gazanan artisti», soňra bolsa «Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen hormatly atlara mynasyp bolýar.
Aşyrmämmet Dawudow assylly, inçe senedini ýaşlara ýadawsyz öwretdi. Ol onlarça ýaş aýdymçylaryň, bagşy-sazandalaryň esasy halypalarynyň biridir.