Gulluk Hojaýew


Gulluk Hojaýew
(1907-1970)



Gulluk Hojaýew 1907-nji ýylyň ýanwar aýynyň 5-inde Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Amaşa-gapan obasynda eneden dogulýar. Ene-atadan ir mahrum bolmagy bilen ol Tejen şäherindäki ýetim çagalar internat-mekdebine düşýär. Mekdepde okaýarka çeper höwesjeňler gurnagyna yhlasly gatnaşýar. Ýetginjegiň tebigy zehinini Aşgabatdan gelen topar belläp gidýär. Ol internady tamamlap, 1922-nji ýylda şol çeper höwesjeňler gurnagynyň toparyna kabul edilýär. Gysgajyk sahnalardan ybarat bolan dürli oýunlardaky ýetginjegiň çykyşy ýolbaşçylaryň göwnünden turýar. Ol 1926-1929-njy ýyllar aralygynda Aşgabatda açylan teatr-studiýasynda okaýar. Şondan soň Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda artist bolup işleýär. Gulluk Hojaýew milli teatr sungatynyň düýbüni tutanlaryň biri bolýar. Ol Bazar Amanow, Myrat Gazakow, Galpak Herräýew, Aman Gulmämmedow, Hally Şahberdiýew, Ata Durdyýew, Myrat Seýitnyýazow, Nazar Bekmiýew, Ogulgurban Durdyýewa, Suraý Myradowa dagy bilen artistçilik käriniň esaslaryny öwrenýär.
Teatr studiýasynyň talyplary diplom işi hökmünde öz güýçleri bilen dramaturg Ş.Keriminiň «Aýjemal» atly pýesasyny sahnalaşdyrýarlar. Bu oýunda Gulluk Hojaýew Aýjemalyň halaşýan ýigidi Gurbanyň keşbinde çykyş edýär.
1929-njy ýylda bolsa, studiýany tamamlan 15 sany talyplaryň esasynda Türkmenistanda ilkinji professional teatr sungatynyň düýbi tutulýar.
Gulluk Hojaýew türkmen teatrynyň sahnasynda ilkinji ýerine ýetiren gahrymany ýazyjy Ata Gowşudowyň «Ganly jeňňel» pýesasy esasynda goýulan oýundaky galtamanyň keşbidir.
Gulluk Hojaýew 1936-njy ýyla çenli türkmen döwlet drama teatrynyň sahnasynda türkmen, rus, günbatar ýurtlarynyň nusgawy sahna eserleri esasynda goýlan oýunlarda dürli häsiýetli gahrymanlaryň keşplerinde çykyş edýär.
«Nedir şa» oýnunda Ýyldyr şany, «Derňewçide» Gorodniçnini, «Çöl» oýnunda Rahman baýy, «Üç duşmanda» Nurberdiýewi, «Şanamada» Gulamy, «Lýubow Ýarowýada» Kaşniri, «Kökenli ýüzükde» Magtymguly Pyragynyň pikirdeşi Buzpolady, «Keýmir kör» taryhy dramada Ugurly hany, «Padymanyň gyzy» oýnunda Gully baýyň we şuňa meňzeş oýunlarda ýaş artistiň täsin zehininiň bardygy aýan bolýar.
Aşgabatda kinostudiýa açylandan soň, biraz wagtdan çeper filmleri surata düşürmek ýola goýulýar. Gulluk Hojaýew ilkinji türkmen artisti hökmünde kinostudiýa işe gelýär. Gulluk Hojaýewiň kino sungatyndaky ilkinji işi 1935-nji ýylda režissýor A.Ledaşşewiň ýazyjy O.Täçmyradowyň «Batrak» poemasy esasynda surata düşüren «Men gaýdyp gelerin» atly sessiz çeper filmindäki baý ogly Nurynyň keşbi bolýar. Soňra ol uruş ýyllary surata düşürilen «Jadyly dür» filminde şa weziriniň keşbinde çykyş edýär. Gulluk Hojaýewiň kinoda öndümli işlän döwürleri 60-njy ýyllar bolýar. Ol bir ýylyň dowamynda 2-3 sany filmde işleýär. Režissýor B.Mansurow oňa «Şükür bagşy» filminde Mämmetýaryň hanyň jangoragçysynyň keşbini ynanýar. Soňra ol K.Orazsähedowyň Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasy esasynda döreden «Welmyrat aganyň kitaby» atly telefilmde Welmyrat aganyň, režissýor A.Garlyýewiň surata düşüren «Aýgytly ädim» filminde Meret aganyň, M.Atahanowyň surata düşüren «Ýanýan arabanyň ýoly» filminde Küýki baýyň keşbini ussatlyk bilen döretdi.
G.Hojaýew 20-ä golaý çeper filmde baş keşplerde çykyş etdi. Ol «Täjikfilm» kinostudiýasynyň «Dönüklik» filminde Jepbar kerwenbaşyny, «Lolada» uruş weterany Hudody, «Özbekfilm» kinostudiýasynyň «Gyzyl gumlarynda» Sadyk galtamany, «Azerbaýjanfilm» kinostudiýasynyň önümi bolan «26-Baku komissarlary» filminde Myrat aganyň ýatdan çykmajak keşplerini döredip, türkmen kinoaktýorçylyk mekdebiniň ussatlygyny beýleki döwletleriň kinostudiýalarynda aýan edýär. Ol 1963-nji ýylda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen Orta Aziýa döwletleriniň kinofestiwalynda «Daşgaladaky waka» atly çeper filmde Gandym aganyň keşbini ussatlyk bilen döredendigi üçin «Iň gowy artistçilik işi üçin» diýen ýörite baýraga we diploma mynasyp bolýar.
Milli teatr we kino sungatymyza ölçegsiz uly goşant goşan Gulluk Hojaýew 1935-nji ýylda Türkmenistanyň Ýokary geňeşiniň Hormat haty bilen sylaglanýar. Soňra oňa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at dakylýar.