Nobat Amansähet ogly (1900 – 1938)


Nobat Amansähet ogly
(1900 – 1938)



Halk içinde Nobat bagşy ady bilen tanalýan halypalaryň biri Nobat Amansähet ogludyr. Ol 1900-nji ýylda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda dünýä inýär. Onuň ýaşlyk ýyllarynyň geçen ýeri bolan Baýraç obasynyň bagşy-sazandalaryň mekany bolmagy, Nobat bagşynyň ýaşlykdan aýdym-saz sungatyna ten bermegine getirýär. Ol 6-7 ýaşlarynda özbaşdak aýdym aýdyp, saz çalmagy başarypdyr. Ol aýdym-saz sungatynyň ýerine ýetirijilik usulynyň inçe tärlerini öz kakasy Amansähet bagşydan öwrenipdir. Kakasynyň dogany Gurban bagşydan hem sapak alypdyr. Ussadyndan kämil tälim alan ýaş bagşy 1920–1925-nji ýyllarda özüni Nobat bagşy ady bilen halka ykrar etdirmegi başarýar.
1925-nji ýylda ol belli aýdym-saz öwreniji rus alymy W.A.Uspenskiý bilen duşuşýar. Alym Nobat bagşydan «Ol daglaryň» sazy, «Aglar men», «Aýjemal», «Gaş bermiş» ýaly aýdymlary nota ýazgysyna geçirýär. Bu duşuşyk barada W.Uspenskiý we W.Belýaýewiň «Türkmen sazy» kitabynda giňişleýin gürrüň berilýär.
1929-njy ýylda Nobat bagşy Aşgabada çagyrylyp, häzirki Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda işe başlapdyr. Teatrdaky işiniň daşyndan sazçylyk tehnikumynda ýaşlara öz sungatynyň inçe tärlerini öwredýär. Şeýle hem radioda çykyş edip öz sungatyna maýyl diňleýji köpçüliginiň örüsini giňeldýär.
Nobat bagşy 1935-nji ýylda Moskwa şäherinde geçirilen aýdym-saz ýazgysyna gatnaşanda, ýerine ýetiren aýdymdyr sazlaryny ýüpek kirişli dutarda çalypdyr. Şonda çalan «Zybagözel» sazynyň ýüpek kirişde çalnan asyl nusgasynyň ýazgysy biziň günlerimize çenli saklandy we ýüpek kirişde çalnan sazyň ýeketäk ýazgysydyr. Şeýle-de Nobat bagşy Moskwada «Owadan gelin», «Şirmaýy darak», «Amman-amman» ýaly aýdymlary gramplastinka üçin ýazga berýär. Bu aýdym-sazlar Nobat halypadan öz aýdym-sazyna uly hormat goýýan halkymyza miras galan ýazgylardyr.

Nobat bagşy saz guralyna ussatlarça erk edip, sazdaky dürli öwrümlere mahmal sesini goşup, sazyň-sesiň bütewiligini gazanmagy başarypdyr. Nobat bagşynyň ýakymly belent sesi, ýerine ýetirijilik hyjuwy, akgynlylygy, özboluşly ýakymly jukgullysy diňleşjileri biparh goýmandyr. Bagşynyň bu özbolyşly aýdym aýdyş usulynyň diňleýji köpçüligi tarapyndan ykrar edilmegi, oňa salyr-saryk ýolunyň içinde öz ýoluny tapan ussat diýmäge mümkinçilik berýär. Nobat bagşynyň öz senedine ezber erk edip bilmegi, onuň ussat bagşy bolmagy üçin ýetiren täsiri örän uludyr. Sebäbi haýsy bir ezber bagşyny alsagam, olaryň ökde saz çalyp bilýändikleri, ussat bagşy bolmak üçin senediňe ussatlarça erk edip bilmegiň zerurdygy baradaky aýdylýanlaryň dogrydygyna güwä geçýär.
Nobat bagşy ýeke bir aýdym aýtmak, saz çalmak bilen çäklenmän, ol ussat kompozitor bolup, onuň döreden birnäçe aýdym-sazlary häzirki günlerde bagşy-sazandalar tarapyndan ýerine ýetirilýär. Nobat bagşy diňe bir dutar çalmaga ökde bolman, gyjagy, azerbeýjan taryny, kaşgar rubabyny, rus baýanyny, dürli deprekleri, pianinony ussatlarça çalmagy başaran halypadyr.
Onuň ýene-de bir özboluşly tarapy aýdymlaryň, saz tekstleriniň ýoýulman ýerine ýetirmeklige ýykgyn edenligidir. Bu ussat sazanda-bagşynyň şeýle özboluşlylygyna, sazandalaryň saz tekstini ýoýmazlyk kadasyna eýerip, bu kadanyň bagşyçylyk sungatynda hem zerurdygyna düşünip aýdylan usul diýse bolar. Salyr-saryk ýolunyň içinde dörän bu ýerine ýetirijilik usul Mary welaýatynyň bagşy-sazandalary tarapyndan ürç edilip aýdylyp gelinýär. Muny bolsa, ýaşan 37 ýaşynyň içinde öz sungaty bilen halkyň aňyna siňmegi başaran Nobat bagşynyň aýdym aýdyş usulynyň halk tarapyndan özboluşly ykrarnamasy diýip hasap etse bolar.
Geçen asyryň 30-nji ýyllarynyň tutha-tulygynyň pidasy bolan Nobat bagşy 1938-nji ýylyň iýulynda aradan çykýar. Milli aýdym-saz medeniýetiniň ösmegine uly goşant goşan Nobat Amansähet ogluna 1991-nji ýylda «Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen hormatly at dakyldy. Onuň köp taraply sungatyny ogly Türkmenistanyň halk bagşysy Ödeniýaz Nobatow mynasyp dowam edip, täze belentliklere ýetirdi. Meşhur halypanyň sazanda nesli – agtyk-çowluklary milli medeniýetimiziň dürli ugurlarynda zähmet çekip gelýärler.