Baýram Sadykow
(1929-1997)
Baýram Sadykow 1929-njy ýylyň 2-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde eneden bolýar. Ol mekdepde okaýarka sungata ýykgyn edýär. Bu bolsa ony Mary şäherinde ýerleşýän sungat mekdebine alyp gelýär. Sungat mekdebini tamamlandan soň, 1943-nji ýylda öňki Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň studiýasyna okuwa girýär. Ol 1945-nji ýylda teatr studiýasyny tamamlap, şol ýerde-de artist bolup işe başlaýar. Baýram Sadykowy artist hökmünde sadalyk, ýönekeýlik bezeýärdi. Onuň döreden keşplerinde çuňňurlyk, köpmanylylyk bardy, olaryň daşky sypatlary ussatlyk bilen jäheklenerdi. Onuň mährine ýugrulan G.Muhtarowyň «Allan aganyň maşgalasy» spektaklynda Gurban, G.Seýitliýew bilen G.Muhtarowyň «Çopan ogly» spektaklynda suratkeş, B.Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» spektaklynda Bally, A.Atajanowyň «Guşgy galasy» spektaklynda Dothuda, B.Seýtäkowyň we M.Seýitnyýazowyň «Gyz salgydy» spektaklynda Abdykerim, T.Esenowanyň «Seniň yşgyňda» spektaklynda Çakan aga ýaly sahna şekilleri tomaşaçylaryň aňynda öçmejek yz galdyrdy. Artist daşary ýurt awtorlarynyň eserlerinde-de ençeme keşpleri ussatlyk bilen döretdi.
Ol dürli milletden bolan dürli gylyk häsiýetli keşpleriň onlarçasyny döretdi. Bularyň içinde epizodiki, ortaça, ulurak keşplerem bar. Olardan birem Towşan Esenowanyň «Seniň yşgyňda» gülküli oýnunda wäşi Derýanyň keşbidir. Ol «Şeýtan zürýatlary» oýnunda hem sürüji ýigidiň keşbini döwrüne laýyk, yhlas siňdirip orta çykardy. Onuň ýerine ýetiren bu keşpleri uly bolmasa-da, gahrymanynyň gülküli, gerek ýerinde dramatik häsiýetlerini ökdelik bilen ýerine ýetirmegi başardy. Munuň şeýledigine onuň irki döreden keşpleriniň biri bolan «Allan aganyň maşgalasy» oýnunda Gurbany hem güwä geçýär. Artist Gurbanyň sadalygyny, aladaçyllygyny täsirli açmagy başarýar. Şondan soň B.Sadykowyň zehinine eýlenen N.Pogodiniň «Kreml kurantlary» spektaklynda sakgally adamynyň, H.Derýaýewiň «Ykbal» oýnunda Çarynyň, G.Gurbansähedowyň «Azaşan ýigit» oýnunda Wellegiň, B.Amanowyň «Mollanepes» oýnunda Ibraýym Hojanyň, A.Gowşudowyň «Jumasynda» Borisowyň keşpleri orta çykdy. Onuň azerbaýjanlaryň şu günki durmuşyndan gürrüň berýän «Oba gyzy» spektaklynda Alyşowyň keşbi B.Sadykowa uly üstünlik getirdi. Artist gülküli keşpleriň hötdesinden gelip bilşi ýaly çuňňur akyl paýhasa ýugrulan keşpleriňem hötdesinden gelýär. Muňa dünýä dramaturgiýasynyň repertuaryna goşulan Gogolyň «Derňewçisindäki» Zemlýanikanyň keşbi güwä geçýär. Milli türkmen dramasy «Keýmir kör» oýnunda artist ýaranjaň, öwünmäni söýýän, gopbam häsiýetli Zewerdesi özüçe şekillendirmegi başarýar. Soňra artist B.Sadykow «Ene Kulyýewa» atly sahna oýnunda Welmyrat aganyň keşbini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.
Türkmen teatr sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, B.Sadykowa 1970-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1990-njy ýylda bolsa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen belent atlar dakyldy.