Sary Garryýew
(1906-1986 )
Sary Garryýew 1906-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Goç obasynda eneden dogulýar. Sary Garryýewiň sungata eden ilkinji ädimi Serdar şäherindäki demir ýol çeleklerini abatlaýan zawodyň çeper höwesjeňler gurnagyndan başlanýar. Kärhananyň klubynda baýramçylyklar mynasybetli geçirilýän medeni çärelerde ol ýognas sesi bilen türkmen dessanlaryndan gahrymançylygy, mertligi wasp edýän goşgulary hyjuw bilen okap, diňleýjileriň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp bolýar.
S.Garryew 1926-njy ýylda Aşgabatda täze düýbi tutulan Türkmen döwlet drama teatrynyň ýanynda açylan studiýa okuwa girýär. 1929-njy ýylda Sary Garryýew üç ýyllyk artistleri taýýarlaýan teatr studiýasyny tamamlaýar we Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki teatrynda döredijilik işine başlaýar. Sary Garryýewiň döredijilik aýratynlygy onuň tomaşaçyny güldürip bilýänliginde we wäşiligindedir. Artist öz döredijiliginde turuwbaşdan gülküli sahnalarda dürli keşpleri janlandyrýar. Şonuň üçin türkmen pýesalary boýunça sahnalaşdyrylýan oýunlarda Sary Garryýew özüni suwdaky balyk ýaly erkin duýupdyr. Teatryň režissýorlary Sary Garryýewiň üýtgeşik ýüz keşbini, şoňa laýyk ýiti zehinli gahrymanlaryň keşplerini ýerine ýetirmegi tabşyrýarlar.
Sary Garryýew teatryň sahnasynda ençeme keşp döredýär. Şolardan «Zöhre-Tahyr» oýnunda Hasan şugulyň, «Keýmir körde» birbada iki keşp – Zeberdehan hem-de Haýdar ussanyň keşpleri artist tarapyndan janlandyrylan ýatdan çykmajak keşplerdir. S.Garryýew teatrda «Zöhre-Tahyrda» Hasan şugulyň, «Jumada» Hemranyň, «Keýmir-Körde» Zeberdes hanyň we Ussa Haýdaryň, «1905-nji ýylda» Allaberdiniň ýatdan çykmajak sahna keşplerini döretdi. Sary Garryýewi ile tanadan, ony meşhur eden kino sungatydyr. Şeýlelikde ol 1940-njy ýyldan soň «Türkmenfilm» kinostudiýasynda aktýor bolup hem işleýär.
Sary Garryýew kino sungatynda «Ýigidiň ogly» atly çeper filmde kiçiräk sahnalaryň birinde çykyş edip, onuň bilen ol özüniň kino sungatynda ilkinji döredijilik ädimini ädýär. Sary Garryýew diňe bir türkmen kino sungatynda aýratyn orna mynasyp bolman, eýsem ol rus kinoçylarynyň döreden «Allaeddiniň jadyly çyrasy» atly meşhur filmde hem jynyň keşbini ussatlyk bilen janlandyrýar.
S.Garryýew degişli döwürlerde «Dursun», «Prokuror» «Jadyly dür», «Japbaklar», «Çopan ogly», «Aýratyn tabşyryk» «Ilkinji synag», «Uzakdaky gelinlik» «Gyrnak», «Gündogara garşy on ädim», «Daşgaladaky waka», «Aýgytly ädim», «Teşneligiň gandyrylmagy», «Aşyr aganyň hötjetligi», «Öz obamyň adamlary», «Bagtyndan jyda düşen Pyragy» ýaly onlarça filmlerde dürli keşpleri janlandyrýar. Onuň filmde janlandyran keşbindäki her bir hereketi tomaşaçyny ýylgyrdýar.
Ol özüniň ekranda şekillendiren ilkinji keşplerinden başlap, tomaşaçylara şatlyk paýlady. Ol «Çopan oglunda» Gurt Küýküniň, «Aşyr aganyň hötjetliginde» Aşyr aganyň, «Aýratyn tabşyrykda» Sary täjiriň, «Gyrnakda» Öde Garanyň, «Aýgytly ädimde» Gandym aganyň, «Alaeddiniň jadyly çyrasynda» jynyň, «Döwranyň başdan geçirenlerinde» Çarynyň, «Meniň dosdum Meleguşda» goja seýisiň keşbini döredip, türkmen tomaşaçylarynyň arasynda meşhurlyk gazanmagy başardy. S.Garryýew «Dursun», «Prokuror», «Jadyly dür», «Jogapkär» ýaly kinofilmlerde hem surata düşdi. Beýik Watançylyk urşundan soň, halkyň çöken göwnüni galkyndyrmak maksady bilen, türkmen kinematografiýasy komediýa köpräk ýüzlenýär. «Uzakdaky gelinlik» filmi halklaryň arasyndaky dostluk hakda söhbet açýar. Bu filmde Sary Garryýew şadyýan Sarynyň keşbini döredýär. Filmde Sary köp ýerde görnenok. Ýöne köneje motoryny tarladyp ýören Saryny gören tomaşaçylar ýylgyrmak bilen garşy alýarlar. 1986-njy ýylda M.Atahanow «Ýigit mydama ýigitdir» atly çeper filmde Sary Garryýewe ýaşulynyň keşbini döretmegi ynanýar. Ol bu kinoda surata düşüp ýörkä, 80 ýaşynyň içinde aradan çykýar. Sary Garryýew milli teatr we kino sungatynda dürli öwüşginli gülküli keşpleriň ençemesini ýerine ýetirdi. Ilkinji milli teatr we kino artistleriniň biri, köpleriň halypasy, ussat artiste 1966-njy ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at dakylýar.