Amanöwez Saparow
Amanöwez Saparow 1947-nji ýylyň häzirki Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasynda dogulýar. Olaryň maşgalasy 1953-nji ýylda Aşgabada göçüp gelýär. 1954-nji ýylda ol, häzirki 26-njy orta mekdebiň 1-nji synpyna kabul edilýär. Mekdepden daşary Aşgabat şäherindäki Ýetginjekler köşgüniň dutarçylar toparyna gatnaşyp, 5-7 synplar aralygynda başlangyç saz endiklerini öwrenýär. Ol 1961-1965-nji ýyllarda häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň halk saz gurallary bölüminde bilim alýar.
A.Saparow zähmet ýoluna türkmen telewideniýesinde ses režssýory wezipesinde başlaýar. Soňra Türkmenistan radiosynyň aýdym-saz bölüminde redaktor, 1969-1974-nji ýyllarda Türkmenistanyň Kompozitorlar Guramasynda jogapkär kätip bolup işleýär. Ol 1974-1977-nji ýyllarda Türkmenistanyň telewideniýe we radio baradaky döwlet komitetinde, 1977-1983-nji ýyllarda häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde, 1983-1990-njy ýyllarda ýene-de telewideniýede we radioda, 1990-1991-nji ýylda TKP-nyň MK-niň ideologiýa bölüminiň jogapkär işgäri bolup işleýär.
Ol 1991-2000-nji ýyllarda Türkmenistanyň milli teleradio kompaniýasynda dürli ýolbaşçy wezipelerinde zähmet çekýär. Mugallymçylyk kärine esasy işiniň daşyndan 1968-nji ýylda başlap A.Saparow, 2000-nji ýyldan häzire çenli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda zähmet çekýär.
Ol 1972-nji ýylda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty, 1985-nji ýylda bolsa Türkmen döwlet mugallymçylyk sungat institutynyň milli saz gurallary bölümini gaýybana gutarýar.
A.Saparow sazşynaslyk kärine geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň ahyrynda başlady. Ol birnäçe telewizion, publisistik we dokumental filmleriň edebi esasyny, onlarça okuw maksatnamalaryny, gollanmalaryny, ýüzlerçe teleradio gepleşikleri, makalalary, oçerkleri ýazdy. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edip gelýän bu tanymal sazşynasa degişli edebi esasda, Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi «Gökdepe mukamy», «Bagşy sen», «Täsin owazlar», «Kel bagşy» atly dokumental we publisistik filmleri surata düşürdi.Režissýory Şyhmyrat Annamyradow. Onuň «Sungatym-buýsanjym»(2014), «Mylly Täçmyradow»(2018) atly kitaplary Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň okuw usulyýet merkezi bolsa «Kämillige tarap» (Aýdymçy Annagurban Annarejepow hakda)(2008), «Kämillik» (halk bagşysy A.Gowşudow hakda)(2010), «Her çemenden bir gunça»(2011), «Türkmen kompozitorlary»(2009), «Sekiz etýud»(2015) atly okuw gollanmalaryny, birnäçe okuw Maksatnamalarny (Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy hem-de bu yokary okuw mekdebiniň ýanyndaky ýörite orta sazçylyk mekdep intirnaty üçin) köpçülige ýetirdi. Bu sazşynas N.Nyýazowyň «Gönibek» atly kitabyny (Türkmen döwlet neşirýat gullugy – 2011 ý.) çapa taýýarlap, oňa «Sözbaşy» ýazdy. Umumy orta bilim berýän mekdepleriň Х synpy üçin «Türkmenistanyň medeni mirasy» atly okuw kitabynyň saz sungatyna degişli bölegini ýazmaga gatnaşdy (Türkmen we rus dillerinde – 2013ý.)
A.Saparowyň «Mukamlaryň piri» atly kitabyndan bölekler (Yzgantly meşhur sazanda, Kel bagşy – Allaberdi Aýdogdy ogly hakdaky) «Garagum» žurnalynyň 2019-njy ýylyň 3-4-nji, «Sahy bagşy» atly kitabyndan bölekler bolsa 2020-nji ýylyň 3-4-nji sanlarynda çap edildi.
Ol daşary ýurtlaryň ençemesinde, şol sanda hökümet wekilýetiniň düzüminde Özbegistan Respublikasynda (2011 ý.), Birleşen Arap Emirliklerinde (2013 ý.) boldy.
A.Saparow syýasy-jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýar:
2012-nji ýylyň fewralyndan bäri neşir edilýän «Medeniýet» atly edebi-çeper, ylmy-populýar žurnalyň geňeş agzasy.
2014-nji ýylyň ýanwaryndan bäri Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň Türkmenistanda döwlet derejesinde geçirilýän konsertlerde, baýramçylyk hem-de medeni çärelerde, şeýle hem Türkmenistanyň telewidenie, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň teleradioýaýlymlarynda ýaýlyma beriljek täze aýdym-saz eserlerini kabul etmek, täze aýdym-saz eserleriniň türkmen we dünýä kompozitorlary tarapyndan ozal döredilen eserlere meňzemezligini, aýdym-sazlaryň döwrebaplygyny, labzynyň milli äheňde bolmagyny, sözleriniň edebi diliň kadalaryna laýyk derejede ýaňlanmagyny üpjün etmek boýunça gözegçilik toparynyň agzasy. 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň alymlar geňeşiniň düzümine goşuldy.
Dürli döwlet sylaglary bilen sylaglanan A.Saparowa 2009-njy ýylda «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri», 2012-nji ýylda «Türkmenistanyň halk aristi» diýen hormatly atlar dakyldy.
Türkmenistanyň Döwlet medenýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bibliografiýa bölümi A.Saparowyň 70 ýyllygyna bagyşlap ýörite Bibliografiýa görkezijisini(A-2017ý) taýýarlady.