Oguljahan MÄMIKOWA – (1929-2006 ý.ý.)
Oguljahan Mämikowa 1929-njy ýylyň 26-njy fewralynda Bäherden etrabynyň ozalky Kelete obasynda doguldy. 1946-1950-nji ýyllar aralygy Daşkendiň Hukuk institutynyň Aşgabatdaky bölüminde okaýar. 1950-nji ýyldan başlap Türkmen radiosynda alypbaryjy bolup işleýär. Ol işe başlan döwründen ussatlygyny kämilleşdirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýär we ýokary derejeli alyp baryjy bolup ýetişýär. Ol türkmen radiosynda ilkinji halypalaryň hatarynda bu ugurda işleýän hünärmenlere sözleýiş medeniýetiniň, habarlary täsirli okamagyň inçe syrlaryny öwredýär. 1957-nji ýyldan ol öz güýjüni kino sungatynda synap görýär. Ol 1958-nji ýylda H.Agahanowyň düşüren „Ilkinji ekzamen“ atly filminde Ogulgeregiň keşbini ussatlarça ýerine ýetirýär. Şondan soň, ony radio diňleýjiler we tomaşaçylar diňe bir ussat alypbaryjy hökmünde däl, eýsem zehinli kino artisti hökmünde-de tanap başlaýarlar. Görnükli režissýor we artist Alty Garlyýew O.Mämikowanyň M.Gorkiniň “Makar Çudra” atly eseri esasynda taýýarlanylan sahna oýnunda oýnaýşyny synlap, ony özüniň şol wagtlar surata düşürmekçi bolýan “Aýgytly ädim” filmine çagyrmagy karar edýär. Ine, şeýdibem kino sungatyndaky ilkinji ädimi başlanýar. Şol filmde Aýnanyň ejesi Mama daýzanyň keşbini döredýär. Oguljahan Mämikowa 1960-njy ýylda “Aýna” atly çeper filmde Mele baýyň aýaly Sadabyň keşbini ussatlarça janlandyrmagy başarýar. 1954-1965-nji ýyllar aralygynda “Türkmenfilm” studiýasynda surata düşürilen „Aýgytly ädim“ çeper filmde Aýnanyň öweý ejesi Mamanyň keşbini döredýär. Ondan soňra Oguljahan Mämikowa “Magtymguly” atly çeper filminde Çerkez aganyň aýalynyň keşbinde çykyş edýär.
Ol K.Orazsähedowyň „Japbaklar“, Ý.Mämmediýewiň „Öz obamyň adamlary“, şol sanda H.Kakabaýewiň “Jennet guşjagazy” atly çeper filmlerinde Enäniň keşbini ussatlarça ýerine ýetirýär.
Oguljahan Mämikowa “Türkmenfilm” kinostudiýasynda diňe bir kinofilmlerde keşp janlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem kinofilmlere ses bermäge hem gatnaşdy. Onuň ses beren çeper filmleriniň sany 50-ä golaýlaýar. Ol türkmen radiosynyň meşhur alypbaryjylary Geldi Bäşiýewe, Baýram Geldimyradowa, Nurjahan Saparowa we beýleki alypbaryjylara hem halypalyk etdi. O.Mämikowa sungatyň dürli ugrunda özüni görkezmegi başardy, şolarda üstünligi-de eýe boldy.
1967-nji ýylda Oguljahan Mämikowa türkmen sungatynda bitiren uly hyzmatyny göz öňünde tutup, “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen hormatly at dakylýar. 1979-njy ýylda ussat alypbaryja, milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde, türkmen radiosyny we kino sungatyny kämilleşdirmekde bitiren hyzmatlary üçin “Türkmenistanyň halk artisti” diýen belent at berilýär.