Haky Allaberdiýew


Haky Allaberdiýew
(1920-1995)



Haky Allaberdiýew 1920-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Birleşik obasynda eneden dogulýar. Ol 1935-nji ýylda Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebine okuwa girýär we bu okuw mekdebini 1940-njy ýylda okap gutarýar. Şol ýyl ol özüniň zähmet ýoluna Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda suratkeş bolup başlaýar. Onuň ilkinji döredijilik işi «Zöhre-Tahyr» operasyna çekilen bezeg işleri bolýar. Soňra ol teatrda goýlan «Bagtly ýaşlyk», «Gül-Bilbil», «Ýusup-Ahmet», «Aldar köse» ýaly operalarynyň we baletleriniň bezeg işlerini ýerine ýetirýär. 1943-nji ýylda Moskwanyň W.I.Surikow adyndaky döwlet akademiki çeperçilik institutynyň nakgaşçylyk bölümine okuwa girýär. Teatr sungaty ugrundan birnäçe ussatlaryň ýolbaşçylygynda ol taslamany, uzakdan görüjiligi, reňkleriň esasy kanunlaryny, olaryň inçe syrlaryny drama eserleriniň düýp taryhy bilen utgaşykly içgin öwrenýär.
1952-nji ýyldan tä ömrüniň ahyryna çenli Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda suratkeş bolup zähmet çekýär. Ol bu teatryň sahnasynda goýlan «Ykbal», «Allan aganyň maşgalasy», «30-njy ýyllar», «Aýgytly ädim», «Ýanbermez alžirli», «Ýowuz günler», «Haşar», «Hazynalar adasy», «Jadyly nagyşlar», «Kemine», «Derňewçi», «Zöhre-Tahyr», «Mollanepes», «Guşgy galasy», «Söýgi we mekirlik», «Soňky gülle», «Başlyk», «Harmandäli», «Romeo we Julýetta», «Murgabyň kenarynda», «Aýazhan», «Jahan», «Sekizinji hazyna», «Keseki» we başga-da birnäçe sahna oýunlarynyň döwrebap bezeglerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. 1960-njy ýyllar zehinli teatr suratkeşiniň döredijiliginiň ösüş tapgyry bolýar. 1964-nji ýylda Şekillendiriş sungaty muzeýinde, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergiler jaýynda Haky Allaberdiýewiň döreden eserleriniň şahsy sergisi birnäçe gezek guralýar. Ol 1963-nji ýylda teatr režissýory B.Amanowyň sahnalaşdyran «Mollanepes», «Zöhre-Tahyr» atly spektakllarynyň göwrümli bezeg işlerini ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. 1975-1977-nji ýyllarda teatryň döredijilik topary täze döredilen uly göwrümli sahna oýunlary bilen Moskwada birnäçe gezek iş saparynda bolýarlar. Şol sahna oýunlarynyň bezeg işleri bolsa hut zehinli teatr suratkeşi Haky Allaberdiýewiňki bolýar. Teatr sungatyny öwrenijiler, Suratkeşler birleşiginiň agzalary türkmen suratkeşiniň «Şasenem-Garyp», «Romeo we Julýetta», «Ar alyş», Keýmir kör» ýaly sahna oýunlarynyň bezeg işlerine ýokary baha berýärler. Ilkinji teatr suratkeşi hökmünde tanalýan H.Allaberdiýew sahna oýunlarynyň bezeglerini ýokary ussatlyk bilen döredendigi we milli nakgaşçylygyň ösüşine goşan şahsy goşandy üçin birnäçe gezek sylaglar, diplomlar hem-de hormat hatlary bilen sylaglanýar. Onuň döredijiliginiň kämillige ýeten döwri ol gaýtalanmajak sungatyny, özboluşly gurluşly, stilli şahsy keşp dünýäsini döredýär.
Türkmen teatr sungatyny ösdürmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin H.Allaberdiýew 1964-nji ýylda «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ada eýe bolýar.