Sabyr Ataýewa


Sabyr Ataýewa
(1917-1993)



Sabyr Ataýewa 1917-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bamy obasynda eneden doguldy. Üç ýaşynda ýetim galyp, Aşgabatdaky Ene Kulyýewa adyndaky çagalar öýünde terbiýelenýär. 1929-1930-njy ýyllarda Aşgabatdaky aýal-gyzlaryň mekdebinde okaýar we Bäherden etrabynyň Deşt we Garagan obalarynda mugallym bolup zähmet ýoluna başlaýar. Ol türkmen zenan artistleriniň ýokary bilimli ilkinji nesliniň wekilidir.
1934-nji ýyldan Sabyr Ataýewanyň sungat ugrundaky zähmet ýoly Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet drama teatrynda başlady. 1936-1941 ýyllaryň aralygynda ol Moskwa şäheriniň Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatr sungaty institutynda okaýar. Ol görnükli teatr ussatlaryndan tälim alýar. Okuwdan soň özüniň teatrdaky işini dowam edýär. Onuň teatryň sahnasynda ilkinji döreden keşpleri «Juma» oýnunda Hudaýberen eminiň aýaly, B.Kerbabaýewiň «Gurban Durdy» oýnunda şugulçy aýal, B.Amanowyň «Zöhre-Tahyr» oýnunda Tahyryň ejesi türkmen teatrynda täze bir zehiniň dörändigini ýüze çykaran sahna oýunlarydyr. Ýaş artistiň sungat ýolundaky ädimleri has-da ýygjamlaşýar. Ol G.Muhtarowyň «Şadyýan myhman» oýnunda Ogulbikäniň, «30-njy ýyllar» oýnunda täsin ykbally zenanyň keşplerini ussatlyk bilen döredip, tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp bolýar. Şonda soň Sabyr Ataýewa B.Amanowyň «Mollanepes» oýnunda Totam ejäniň, «Aýlar» oýnunda Ogulmeňliniň, «Kemine» oýnunda Ogulhajaryň, «Ykbal» oýnunda Enekütüniň keşplerini ýerine ýetirýär. Ol keşpler guýmagursak zehiniň döreden gaýtalanmajak keşpleridir. Sabyr Ataýewa özüniň teatra bagyşlanan ömründe ençeme keşpleri sahnada janlandyrýar. Şol keşpleriň ählisi diýen ýaly baş keşplerdir. S.Ataýewanyň halk köpçüliginiň jümmüşine ornan keşpleriniň biri-de A.Agabaýewiň «Bir görlen tanyş» atly spektaklynda Bossan ejäniň keşbidir. Ol bu keşbiň üsti bilen tomaşaçynyň parahat ýaşaýşa bolan söýgüsini artdyrýar. Ol keşp türkmen teatrynyň sahnasynda şekillendirilen eneleriň keşpleriniň arasynda aýratyn orna mynasypdyr. Bu keşp üçin artist zenana 1985-nji ýylda Magtymguly adyndaky Halkara baýragy berilýär. Teatra bagyşlanan ömründe 200-e golaý keşbi sahna çykarýar.
Sabyr Ataýewa türkmen artistleriniň arasynda kino sungatynda aýratyn öndümli işlän, yhlas görkezen zenanlaryň biridir.
Sabyr Ataýewa ilkinji gezek «Şasenem-Garyp» atly çeper filmde Garybyň ejesi Abadanyň keşbini ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. S.Ataýewa «Gämiçiniň jany bir», «Muňa durmuş diýerler», «Ýok» diýmäni başar», «Köýten nalasy», «Aýratyn tabşyryk», «Ýanýan arabanyň ýoly», «Agyr ýük», «Bagtyndan jyda düşen Pyragy», «Babagammaryň gaýdyp gelmegi», «Aýna», «Gündiz sagat on ikide», «Ýuwaş gelin», «Keçpelek», «Ýartygulak» atly çeper filmlerde dürli-dürli keşpleri döredýär. Teatr we kino sungatynda bitiren hyzmatlary üçin sahna ussady 1964-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1967-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen belent atlara mynasyp bolýar. Daş ýarýan zehine, uly ussada 1981-nji ýylda «SSSR-iň halk artisti» diýen hormatly at dakylýar.