Akjagül Suhanowa


Akjagül Suhanowa



Akjagül Suhanowa 1955-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda eneden bolýar. Ol orta mekdebi tamamlap, 1972-1974-njy ýyllarda ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň ýanyndaky teatr-studiýasynda okaýar. 1979-njy ýylda Moskwanyň A.W.Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatral institutyny drama we kino artisti hünäri boýunça tamamlady. Ýokary okuw mekdebini tamamlandan soň, ol 1979-njy ýylda täze açylan Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda ilkinjileriň biri hökmünde zähmet ýoluna başlaýar. Ol bu teatrda dramaturg N.Geldiýewiň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Seýdi» atly spektaklda şahyryň uýasy Orazbibiniň keşbini janlandyrýar. Bu onuň ilkinji döreden keşbi bolýar. Soňra Akjagül Suhanowa ýazyjy A.Taganyň «Iň owadan gyz» sahna oýnunda oba gyzy Gülşadyň, Ý.Mämmediýewiň «Çyn güller jöwzada-da solmaýar» sahna oýnunda Fatimanyň keşplerini döredýär.
Akjagül Suhanowa wagtyň geçmegi bilen dürli häsiýetdäki gahrymanlaryň keşplerini döredip, kem-kemden sungatyň belentliklerine aralaşýar we zehinli artist hökmünde tanalyp başlanýar. Ol «Edenli adamlar» oýnunda Soýanyň, «Ýigit başy gowgaly» oýnunda Fatimanyň, «Kim sen?» oýnunda Gözeliň, «Iň owadan gyz» oýnunda Gülşadyň, «Ýürek söýgi küýseýär» oýnunda Aýbölegiň, «Ýşkyň nähak azaby» oýnunda Şa gyzyň, «Görogly we Bezirgen» oýnunda Zeýnep periniň, «ýagşylyga ýamanlyk» oýnunda» Şekeriň, «Gyrat» oýnunda kempiriň, «Han-hanan» oýnunda Hamidanyň, «Zöhre-Tahyr» oýnunda Şahubanyň, «Döwletli döwranda» Akjagülüň, «Saňa ýalan maňa çyn» oýnunda Gumrynyň we başga-da birnäçe spektakllarda dürli keşpleri döretdi. Ol bu teatrda halypaçylyga ýetişdi. Uzak ýyllaryň dowamynda bu teatrda ol şägirtleriniň onlarçasyny ýetişdirdi. Şunlukda zehinli halypa artist teatrda sahnalaşdyrylan «Awazada ak goýun toýy» spektaklynda mährem enäniň keşbini ussatlyk bilen döretdi. Şeýle hem A.Suhanowa režissýor A.Batyrowyň sahnalaşdyran «Bezirgen» sahna oýnunda Zeýnep jadygöýüň keşbini diýseň ýokary derejede döretdi. «Gül-Bilbil», «Zöhre-Tahyr» dessanlary esasynda sahnalaşdyrylan oýunlarda Bilbiliň hem Tahyryň eneleriniň, «Daýahatyn» atly spektaklynda halypa artist Serwigül atly mährem enäniň keşplerini janlandyrdy.
Akjagül Suhanowa türkmen teatr sungatynyň ösmegine goşan saldamly goşandy üçin 2005-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 2018-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen belent atlara hem-de 2009-njy ýylda «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi, 1996-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2014-nji ýylda «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglandy.