Aşyr Kulyýew


Aşyr Kulyýew
(1918-2000)



Aşyr Kulyýew 1918-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Aşgabadyň etegindäki Köşi obasynda dünýä inýär. Ol bäş ýaşyndan başlap mekdebe çenli çagalar öýünde terbiýelenýär. Ol 1928-nji ýylda Aşgabatdaky Ilbaýew adyndaky internata okuwa girýär. A.Kulyýew 1930-1932-nji ýyllarda awtoýol tehnikumynda okaýar. 1933-nji ýylda ol tehnikumdaky okuwynyň arasyny üzüp, Türkmen döwlet çeperçilik tehnikumynyň sazçylyk bölüminde okap başlaýar. Ol fortepiano, dutar we üçtar öwrenip başlaýar. Onuň ilkinji mugallymlarynyň arasynda meşhur halk sazandalary Pürli Saryýew, Mylly Täçmyradow we Türkmenistanyň at gazanan mugallymy Mariýa Nikolaýewna Geraskina bardy.
1935-1941-nji ýyllar aralygynda A.Kulyýew Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýasynyň Türkmen bölüminde okaýar. Ol alty ýyl ýokary bilim alyp, Watanyna dolanyp gelýär we sazçylyk mekdebinde sazyň nazaryýeti dersiniň mugallymy bolup işe başlaýar.
Döredijiliginiň irki ýyllarynda «Ýusup-Ahmet» operasyny B.Şehter, «Abadan» operasyny bolsa Ý.Meýtus bilen bilelikde döretmegi ýaş kompozitor üçin döredijilik işini öwreniş mekdebi bolýar. Bu döwürde onuň özboluşly döredijilik ýoly kemala gelýär.
Awtoryň döredijilik mirasy ähli saz žanrlarynda ýazylan eserleri öz içine alýar. «Ýusup-Ahmet», «Abadan» operalary we «Gumdan tapylan ýürek» baleti ýaly sazly sahna eserleri kompozitoryň döredijiliginde uly orun tutýar. 1944-1949-njy ýyllarda kompozitor Moskwa konserwatoriýasynda okuwyny dowam etdirýär. Aşyr Kulyýewiň simfoniki eserleri hem uly taryhy ähmiýete eýedir. Olaryň her biri Türkmenistanyň simfoniki žanryň döremeginiň we ösmeginiň möhüm wakalarydyr. Onuň «Dabaraly uwertýurasy» türkmen sazynyň taryhynda simfoniki orkestr üçin ilkinji döredilen eserdir. «Magtymguly» simfoniki poemasy we skripka we orkestr üçin konsert türkmen kompozitory tarapyndan döredilen ilkinji nusgalardyr.

Aşyr Kulyýew türkmen wokal-simfoniki saz görnüşinde ýazylan ona golaý eserleriň awtorydyr. Onuň «Türkmenistan», «Gurbandurdy», «Garagum derýa», «Tarp ýer gülleýär» kantatalary ýurdumyzyň hor mirasyna berk ornaşýar. A.Kulyýew P.Saryýew adyndaky Türkmen döwlet halk saz gurallary ansambly bilen köpýyllyk döredijilik gatnaşynda bolup, birnäçe ajaýyp eserleri döredýär. Olaryň arasynda gyjak we orkestr üçin konserti, «Iki sany türkmen temasyna uwertýurasy», «Gülle, mähriban Türkmenistan», «Ak altynyň öwüşgüni», «Bagt» sýutalary, «Pagta meýdanlaryň owazlary» rapsodiýasy bar.
Kompozitor tarapyndan diňleýjileriň arasynda üstünlik gazanan we olaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan ýekelikde, hor we çagalar üçin aýdymlaryň örän köp sanlysy döredildi. Ol aýdymlaryň arasynda «Türkmenistan», «Serhetçiler», «Suw boýuna çykaly», «Ak kepderim», «Ene», «Halyçy gyz» has hem meşhurlyk gazandylar. Eserleriň köpüsi K.Gurbannepesowyň, B.Kerbabaýewiň, M.Myşşyýewiň we beýlekileriň goşgularyna döredilen aýdymlardyr. Nusgawy türkmen şahyrlary Magtymguly Pyragynyň «Depe nedir, düz nedir», «Aýryldym», «Gözel sen», we Keminäniň «Geldim», rus şahyry A.Puşkiniň «Tupan» atly goşgularyna döredilen aýdymlary diýseň täsirlidir.
A.Kulyýewiň döredijiligi öz köklerini halk sazlarynyň baý hazynasyndan alyp gaýdýar we saz sungatynyň halkylyk däpleri bilen berk baglanyşyklydyr. Halk çeşmeleri kompozitoryň sazlaryny şeýle bir bezeýär welin, eseriň temasynda halk sazynyň ulanylandygyny ýa-da awtoryň öz düzen heňidigini birbada anyklamak kyn düşýär. Halk sazynyň nusgalaryndan peýdalanmak we şahsy nusgalaryň döredilmegi kompozitorçylyk däbiniň özboluşlylygyny, gaýtalanmajak çeperçilik şekilini emele getirýär. Şonuň üçin hem Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe-de onuň eserleri şirinden belent ýaňlanýar. Ol türkmen kompozitorlary D.Öwezow, W.Muhadow ýaly professional sazandalar bilen birlikde Türkmenistanyň kompozitorlyk mekdebiniň düýbüni tutujylaryň biridir.
Aşyr Kulyýewe türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde, mugallymçylyk we jemgyýetçilik işinde bitiren hyzmatlary üçin 1980-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti», 1991-nji ýylda «SSSR-iň halk artisti» diýen hormatly atlar dakylýar. Şeýle hem ol 1968-nji ýylda Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi bolýar.