Döwletgeldi ANNAMYRADOW


Döwletgeldi ANNAMYRADOW



Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow 1959-njy ýylyň 2-nji maýynda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Çohpetde obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär we şol etrabyň 6-njy orta mekdebinde bilim alýar. D. Annamyradow 1976-njy ýylda 11-nji Çärjewgurluşyk desgasynda suwagçy, betonçy, agaç ussaçylygy kärlerinde zähmet ýoluna başlaýar.

1977-1978-nji ýyllarda Aşgabatda «Ýaş kommunist» gazetinde korrektor bolup işleýär. 1978-1983-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetini üstünlikli tamamlap, 1983-1985-nji ýyllarda türkmen radiosynda, 1985-1991-nji ýyllar aralygynda «Sowet edebiýaty» žurnalynda, 1991-1999-njy ýyllarda Alty Garlyýew adyndaky «Türkmenfilm» kinostudiýasynda «Naýza» satiriki žurnalynyň jogapkär redaktory bolup zähmet ýoluny dowam etdirýär. Ol 2000-2004-nji ýyllarda «Watan» we «Miras» radioýaýlymlarynda, 2004-2005-nji ýyllarda «Täze oba» žurnalynda bolüm müdiri bolup zähmet çekýär.

D. Annamyradow 2005-2012-nji ýyllarda ilki Türkmen telewideniýesiniň baş müdirliginiň baş redaktory, soňra Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň baş redaktory, 2012-2013-nji ýyllarda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilim» birleşiginiň baş redaktory, 2013-2014-nji ýyllarda «Dünýä edebiýaty» žurnalynda bölüm müdiri wezipelerinde işleýär. Ol 2015-nji ýyldan häzirki wagta çenli «Garagum» žurnalynyň kyssa bölüminde zähmet çekýär.

D. Annamyradow bütin ömrüni döredijilige bagyşlap, häzirkizaman türkmen edebiýatynyň ösüşine uly goşant goşup gelýär. Ol ýurt Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan bäri Watanymyzyň waspyny ýetirýän eserleri bilen metbugatda yzygiderli çykyş edýär. Şahyryň Watan şöhratyny dabaralandyrýan «At üstünde tylla tagtyň, Arkadag!», «Watan Serweri», «Sungatyň howandary», «Zamanaň Beýik Lukmany Siz, Arkadag!», «Arkadagyň ömür diwany», «Arkadagly Serdarymyz!», «Türkmenistan—baky bagtyň, Arkadag!», «Arkadag pederiniň ruhuna sejde», «Milletiň Käbesiniň ruhuna tagzym», «Arkadag şäheri—bagtyň şäheri!», «Ykbalym—Watan», «Arkadagyň sungaty sen, Aşgabat!», «Arkadagyň ýürek-mähri, Awaza!», «Dostluk merkezi» ýaly ýüzlerçe syýasy aýdymlary we kompozisiýalary, ýurt Baştutanymyzyň gatnaşmagyndaky dabaralarda, açylyş desgalarynda, teleköprülerde, Döwlet Münberiniň öňündäki dabaraly ýörişlerde, ýurdumyzyň toý-baýramlarynda, milli teleradioýaýlymlarynda, Watan goragçylarynyň çärelerinde we beýlekilerde yzygiderli ýerine ýetirilip gelinýär. D. Annamyradowyň «Şykga-şykga bilezik», «Yhhymmyl», «Ýyllar eglenmez», «Gözlerim ýoluňda», «Sen kalbymda ýaşasaň», «Intizar gözler», «Kalbym—şeýda», «Sen dolanmadyň», «Ene», «Sähralar», «Kalbyň menden ynjamasyn», gitaraçylaryň ürç edip aýdýan «Ýalňyz sazanda» ýaly ençeme liriki aýdymlary halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy. Dramaturg D. Annamyradow Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde surata düşürilen «Aýdyma siňen ömürler», «Aşyklaryň obasy», «Söýgi kenary», «Bagta barýan ýollar» ýaly birnäçe uly göwrümli çeper filmleriň, onlarça dokumental filmleriň, köpbölümli «Goňşular», ýigrimi bäş bölümli «Söýgi sährasy», ýedi bölümli «Söýgi yşyklary» ýaly degişmeli çeper telefilmleriň, «Akpamygyň ak ýoly», «Sary taksiniň Täze ýyl başagaýlygy», «Japbaklaryň, Mämmetjanyň, Ýartygulagyň täze başdan geçirenleri», «Hoja paýtun»...ýaly onlarça çeper telefilmleriň edebi esasynyň awtorydyr. Filmlerde Emenegiň, Ýalpylyň, Ýagşy daýynyň, Meläniň, Gandymyň, Şammy tüweleýiň, Annaguly sölpiniň, Aşyr dädäniň, Hoja Hojanyň Kepbanyň, Çakanyň we beýlekileriň täze ruhly keşpleri döredildi. Ol «Sen—köňlümiň perwazy», «Sen aman bol dünýede!», «Saňa ýetermi owazym?!» ýaly birnäçe sahna eserleriniň hem awtorydyr.

Ýazyjy, şahyr Döwletgeldi Annamyradowa (Döwlet Garkyn) «Söýgi sallançagy», «Gara perişde» we «Ömrümiň durnalary» atly dört diwandan ybarat goşgular kitaplary, «Dünýäniň yşky» atly uly göwrümli proza kitaby, «Täleý köprüsi» («Ykbal pursatlary») atly roman-essesi, «Bagt ýoly», «Söýgi kenary», «Bularyň bary sen hakda», «Iberilmedik hatlardan», «Sen aman bol dünýäde!», «Jeňňel kanuny», «Çarhypelek» atly powestleri, «Mähir küýsegi», «Aýal dogan», «Ilkinji mugallym», «Nätanyş gyz», «Aýly gijeler», «Arabaçynyň söýgüsi», «Kalbymda azaşan ak guwlar», «Ýollar bizi duşurmazmy?», «Dünýäniň ýadyndan çykmaz», «Akmaýanyň ýoly», «Köňlümiň perwanasy», «Ykbal gämisi» atly ençeme hekaýalary we nowellalary, «Ak melekleriň aýdymy ýa-da ruhy sedalar» atly liriki miniatýuralary uly üstünlik getirdi.

D. Annamyradowyň eserleri degişli döwürlerde Türkmenistanyň halk ýazyjylary Kerim Gurbannepesowyň, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Annaberdi Agabaýewiň, Gözel Şagulyýewanyň, Baýram Jütdiýewiň, Nargylyç Hojageldiýewiň, Täçmämmet Jürdekowyň, Nobatguly Rejebowyň, Hudaýberdi Diwangulyýewiň, Atamyrat Atabaýewiň, Sona Ýazowanyň, Orazguly Annaýewiň, akademik Myratgeldi Söýegowyň, alymlar Gurbandurdy Geldiýewiň, Ahmet Bekmyradowyň, Döwran Abdyllaýewiň hem-de Akmyrat Şirowyň, Atajan Taganyň, Kömek Kulyýewiň, Azat Rahmanowyň, Aşyr Mämiliýewiň, Hojak Mämmedowyň, Osman Ödäýewiň we döwürdeş ýazyjy-şahyrlarynyň guwançly hem derejeli bahalaryna mynasyp boldy.

D. Annamyradowyň eserleri dünýäniň onlarça dillerine terjime edildi. Şahyr häzirki zaman edebiýatynda uly mekdep döretmegi başardy. Onuň eserleriniň ruhunda ýazýan döredijilik işgärleri häzirki wagtda ýüzlerçe.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow Saud Arabystany Patyşalygynda, Eýran Yslam Respublikasynda, Rumyniýada, Türkiýede, Beýik Britaniýada, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Katar döwletinde, Gyrgyzystanda, Özbegistanda, Täjigistanda, Latwiýada, Belarussiýada, Russiýa Federasiýasynda, Gruziýada, Ermenistanda, Azerbaýjanda, Abhaziýada medeniýet günlerinde we döredijilik iş saparlarynda bolup, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, milli edebiýatymyzyň ruhy keşbini dünýä ýaýmaklyga şahsy goşandyny goşup gelýär.

Döwletgeldi Annamyradow üç gezek Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň (2007, 2009, 2012) ýeňijisi boldy. Şeýle-de ol «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti» diýen hormatly adyň (2010) hem-de «Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy» medalynyň (2011) we «Magtymguly Pyragy» (2014) atly ýubileý medalynyň, «Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygyna» (2015) atly ýubileý nyşanynyň eýesidir. Şahyr Döwletgeldi Annamyradowa edebiýat meýdanynda köpýyllyk çeken halal zähmetleri we bitiren hyzmatlary üçin, 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly at dakyldy.