Gerek Omarowa
Gerek Omarowa 1939-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Rahat oba geňeşliginde dünýä inýär. G.Omarowa 1957-nji ýyldan başlap Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda artist wezipesinde işläp başlaýar. Gerek Omarowanyň ýaňy sahna öwrenişip başlan ýyllary türkmen teatrlarynyň nusgawy dramaturgiýa salgylanan döwürleri, 1957-nji ýylda režissýor oňa Molýeriň «Skapeniň mekirligi» komediýasynda sygan gyzy Zerbinetdanyň, K.Trenýowyň «Lýubow Ýarowaýa» spektaklynda biri-birine düýbünden garşy gelýän Tatýananyň hem-de Mahoranyň, U.Gajibekowyň «Arşin mal alan» oýnunda Telliniň keşbini döretmegi ynanýar. Ol bu keşpleri ezberlik bilen janlandyrmagy başarýar. Soňra Gerek Omarowa N.Gogolyň «Öýlenmek» spektalynda oba gyzy Dunýanyň, Şkwarkiniň «Keseki çagasy» oýnunda Raýanyň, A.Esenowyň «Erkin ýürekler» oýnunda Aýsonanyň, H.Akyýew bilen M.Atahanowyň «Maral» oýnunda Maralyň, T.Taganowyň «Harasat» oýnunda Gülälegiň, A.Mämiliýewiň, B.Suhanowyň «Ýedigenim ýedi ýyldyz» oýnunda Läläniň we başga-da onlarça keşpleri yzly-yzyna döredýär. Ine, şu ädimler bilen hem ýaş artist sungat ummanynyň jümmüşine tarap aralaşyp başlaýar. Ol türkmen teatr sungatyna aýgytly ädim äden zenan artistlerinden ilkinjileriň biridir.
Zehinli artist Kerim Gurbannepesowyň «Taýmaz baba» poemasy boýunça sahnalaşdyrylan oýunda Ogullanyň keşbini örboýuna galdyrdy. Dramaturg A.Atajanowyň «Aýzada» dramasynda ol Mansur ejäniň keşbini döredýär. Sungat äleminiň ajaýyplyklaryny sahylyk bilen tomaşaçylara paýlan Gerek Omarowanyň 60 ýyldan gowrak ýylyň dowamynda teatr sahnasynda döreden ilhalar, zenan keşpleri sanardan köp. Ol 1970-nji ýyldan ozalky Türkmenistanyň Ýaş tomaşaçylar teatryna işlemäne gelýär. Gerek Omarowa bu teatrda işlän döwründe birnäçe keşpleri döretdi.
Ýurdumyzy uly ösüşlere besleýän şanly wakalar G.Omarowanyň çekýän asylly zähmetlerinde onuň göwnüni galkyndyrýan özboluşly ylham-joşgunyna öwrüldi. Ol teatryň sahnasynda «Taýmaz babada» Ogullanyň, «Agalar we çagalarda» Maralyň, «Optimistik tragediýada» komissaryň, «Ak kejebäniň aýdymynda» Gurbansoltanyň ejesiniň, «Ojagyň odunda» Totynyň, «Altyn balykda» Gurrandaz aýalyň, «Allan aganyň maşgalasynda» Zinanyň, «Gülnarjanda» Garry enäniň, «Halal hazynada», Gyrnagyň, «Söýgi bizi halas ederde» oba zenanynyň keşplerini döretdi.
Teatr sahnasyndan daşgary ol milli kino sungatynyň meýdanynda «Ýurt eýesi», «Meleguş», «Garagum kölegede 45 gradus», «Gijeki ogrular» ýaly birnäçe çeper filmlerde hem surata düşdi we teatr we kino sungatynyň taryhyny baýlaşdyrmakda öz goşandyny goşdy. Gerek Omarowa teatryň sahnasynda goýlan «Yşk mülkiniň şasynda» Bossantäjiň, «Ýürek ody» oýnunda Näzikjemalyň, «Ojagyň ody» oýnunda hem Nurnabadyň ejesiniň keşplerini döretmek bilen teatryň, döredijilik toparynyň abraýyny ep-esli ýokary galdyrdy.
Uzak ýyllaryň dowamynda milli sahnada janlandyran ajaýyp zenan keşpleri bilen öz halkynyň ruhy dünýäsini, teatryň taryhy hazynasyny baýlaşdyrmakda bitiren hyzmatlary üçin Gerek Omarowa döwlet sylaglaryna, 1968-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ada mynasyp boldy.