SENETKÄRE SARPA
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň döreden baý mirasyny öwrenmek, gorap aýawly saklamak, şonuň bilen birlikde halk mirasynyň naýbaşy nusgalaryny dörediji ussalaryň döredijiligini goldamak boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda ussalary has-da döredijilikli işlemäge höweslendirmek babatda 2017-nji ýylyň 15-nji aprelindäki Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň halk çeper döredijilik işini kämilleşdirmek hakyndaky” 167-nji belgili Karary möhüm ähmiýete eýedir. Gadymy gymmatlyklaryň mekany bolan eziz Diýarymyzda ussalaryň çekýän döredijilikli zähmeti goldanylýar, olaryň kämil önümleri taýýarlamagy üçin ähli mümkinçilikler, şertler döredilýär, has tapawutlanyp işleýän ussalara hormatly atlar dakylýar. Şeýle ussalaryň hatarynda keçe önümlerini taýýarlaýan A.Agageldiýewany, telpek ussasy K. Harazowy, dutar ussasy B. Jumaýewi mysal getirmek bolar. Bu ussalaryň taýýarlaýan önümleri meşhurlyga eýe. Ýaňy-ýakynda bolsa bu ussalara “Çeper döredijiligiň halk ussasynyň” Şahadatnamasy gowşuryldy we olar “Çeper döredijiligiň halk ussasy” diýen hormatly ada eýe boldular.