Dograma


Dograma



Dograma türkmeniň milli tagamlarynyň biri. Dograma taýýarlamak üçin tamdyra petir çörek ýapmaly. Goýun soýup, etini gazana atyp, gerek mukdardaky suwy guýup gaýnatmaly. Gaýnandan soň, pomidor atyp azajyk gyzartmaly. Et akyp bişmeli. Oňa çenli üýşüp, petir çöregi dogramaly. Çöregine görä soganyny hem maýdajyk dogramaly. Aka bişen eti çykaryp, çöregiň üstünde maýdajyk edip dogramaly. Et, çörek, sogan dogralandan soň hemmesini gowy edip garmaly. Dograma gurak bolsa, azajyk çorbasyndan alyp sepeläp, ýene-de gowy edip garmaly. Garylansoň bir-iki sagat basyryp goýsaň, etiň, soganyň ysy çörege siňip, üýtgeşik tagam emele gelýär. Taýýar bolan dogramany saçagyň bir ujuny açyp, şakäselere, tabaklara salyp, üstüne gaýnap duran çorbadan guýup, saçaga äberibermeli. Dograma gurplandyryjy tagamlaryň biri. Dogramany çaýyň ýany bilen gury iýseň hem bolýar.

Rowaýat edişlerine görä, bir batyl adam märekä baranda toý dogramasyndan guýup beripdirler. Ol nahary iýip otyrka, naharyň hemme zadynyň ýerbe-ýerdigini aňyp, maňa şeýle guýup berýän bolsalar, özlerine nähili guýunýarkalar diýip, pikir edipdir. Dograma hemme kişä deň-derman düşýär. Dograma sogan garylýar. Ol adamy dümewden we sowuklamadan goramakda peýdaly hasaplanylýar. Dogramany çorba bilen ezip, burç atyp iýseň, hem tagamly hem peýdaly.