Döredijilik sergisi
Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwri arzyly islegleriň hasyl bolýan ýurdy. Türkmen halkynyň hemişelik Bitaraplygy, baky Garaşsyzlygy her ynsanyň kalbynyň nury, başynyň täji, gözleriniň röwşen şuglasydyr. Biziň ýurdumyz dünýä sebitinde ylalaşdyryjy merkez diýip tanalýar. Ynha şu ýyl hemişelik Bitaraplygymyza 25-ýyl dolýar. Şeýle şanly sene mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstümizdäki 2020-nji ýyly «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip, yglan edildi. Munuň özi güneşli Türkmenistan Watanymyzyň parahatlygy, asudalygy, erkanalygy, abdançylygy, dost-doganlyga özüniň ýyly gujagyny, dostlukly goluny uzadýanlygy bilen berk baglydyr.
Ýakynda Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinde Aşgabat şäher medeniýet müdürliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň hem-de Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň zehinli, göreldeli okuwçylarynyň bilelikdäki Türkmenistan dostluk mekany ady bilen döredijilik sergisi gurnaldy we ýokary guramaçylyk derejesinde dabaraly açyldy. Dabaranyň açylyş pursatyna il sylagly hormatly ak sakgal ýaşulular şeýle hem kümüş saçly eneler, Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa, professor mugallymlary we talyp ýaşlary, 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň zehinli, göreldeli okuwçylary we mugallymlary gatnaşdylar. Sergide görkezilýän eserler şekillendiriş sungatynyň «Nakgaşçylyk», «Keramika», «Heýkeltaraşlyk», «Grafika» ýaly ugurlaryna degişli bolup durýar. Sergi jaýynyň diwarlaryny bezeýän 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň 100-golaý döredijilik eserleriniň içinden Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan adyl we adalatly syýasaty eriş-argaç bolup geçýär. Çaga kalplaryndan syzdyryp döreden eserlerinde Mähriban Watanymyzyň ösüşli menzilleri, asuda diýarymyzyň bagtyýarlygy, güneşli ýurdumyzyň bedew batly öňegidişlikleri aýdyň suratlandyrylýar. Gurnalan sergimiziň esasy maksady çeperçilik mekdebimizde bilim alyp, hünär öwrenýän zehinli ýaşlarymyzda Watansöýüjilik duýgusyny oýarmak, saýlap alan hünärlerine mynasyp ilhalar nesiller bolup ýetişmeklerini gazanmak bolup durýar. Ajaýyp döwrümizde Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän uly mümkinçiliklerinden giňden peýdalanýan 2-nji çagalar çeperçilk mekdebiniň mugallymlary: «Gurbanmuhammet Saryýew, Myrat Meredow, Medet Babaýew, Batyr Çaryýew, Muhabbat Hudaýkulyýewa, Aýnabat Şamuhammedowa, Maýagözel Ataýewa, Begsenem Hojanýazowa» dagylar öz gezeklerinde ýaşlara bilim bermekde gije-gündiz bar bolan tejribelerini gaýgyrman, yhlasly zähmet çekip, şekillendiriş sungatynyň inçe aýratynlyklaryny okuwçylara has içgin öwredýärler.