«Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» ÝUNESKO-nyň sanawynda
Ýüpekçilik oba hojalygynyň esasy pudaklarynyň biridir. Türkmenistanda ýüpekçilik, ýüpek almak, ýüpek taýýarlamak bilen meşgullanmak işi irki döwürlerden gözbaş alýar. Ýüpek almak üçin ilki bilen ýüpek gurçugyny ösdürip ýetişdirmeli. Ýüpek gurçugy ýapyk jaýlarda ýyly ýerde ösdürilýär. Tut agaçlary Türkmenistanda ýüpekçiligiň esasy iýmit bazasy bolup hyzmat edýär. Çünki, ýüpek gurçuklary tut agajynyň ýapraklary bilen iýmitlendirilýär. Ýüpek gurçuklarynyň sagdyn ulalmaklary we piläniň ýokary hasylynyň kemala getirilmegi üçin zerur şertleriň biri gurçuk idedilýän jaýlaryň meýdanynyň ýeterlik derejede bolmagy, şeýle hem howanyň çyglylyk hem-de ýylylyk derejesiniň hemişe kada laýyk bolmagy zerurdyr. Ýüpek gurçuklary tut ýapragyny iýip ulalýarlar. Soňra pilä durýarlar. Piläniň ýokary hasylyny ýetişdirmek we onuň hilini ýokarlandyrmak ýüpek gurçugyny idetmekligiň agrotehniki görkezmelerine laýyklykda geçirilmegine baglydyr. Pile ýüpek üçin çig mal. Ondan ýüpek alynýar. Ýüpekden ýüpek matalar dokalýar. Bu ugurdaky baý tejribeler hem tejribeli gurçuk idedijiler tarapyndan indiki nesillere öwredilýär.
Milli eginbaşlarymyzy düzýän matalaryň çig maly ýüpekdir. Gadymy döwürlerden bäri ýüpek gurçugyndan alynýan pileler ýüpek mata dokamak üçin çig mal bolup hyzmat edip gelýär. Maldarçylyk we ekerançylyk bilen meşgullanýan hojalyklar egin-eşikleri taýýarlamak üçin zerur bolan ähli çig maly öndüripdirler. Türkmenistanda irki döwürlerden bäri nah we ýüpek matalaryň dürli görnüşleri öndürilipdir we kerwen ýollarynyň üsti bilen dünýä bazarlaryna çykarylypdyr. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň «Gadymy Merw» diýen II bölüminde: «Merwde ýüpek öndürýänler we işleýänler hem köp eken. Näme üçindir, ussat ýüpekçiler diňe Hytaýda bolýar diýlen düşünje bar. Bu beýle däldir. Hytaýlylar öz başarnyklaryny gizläp durmandyrlar. Merwli ýüpekçileriň arasynda hem hytaýlylaryň ýüpek almak usullaryny özleşdiren ussatlar bolupdyr. Şähere suw barýan Majan hem-de Razik akabalarynyň töwereginde tut agaçlary ösüpdir. Tut önümçiligi ýüpek gurçuklaryny köpçülikleýin köpeltmäge mümkinçilik beripdir. Pileden çöşlenip alynýan sapajyklar näzik, şeýle-de ýokary hilli syk, digir-digir zolakly ýa-da tutuk matanyň ýüzüne çekilen nagyşly ýüpek parçalary, köşgüň, soltanyň ýatýan otagynyň bezeginde peýdalanylýan owadan matalary dokamaga harçlanypdyr. Merwiň ýüpek matalary zer goşulyp dokalan hytaý, hindi parçalary, wizantiýanyň gyrmyzy matalary bilen bäsleşipdir» [1, 125] diýmek bilen Merwde dünýä ýurtlarynyň gymmatbaha matalaryna bäs gelip biljek matalaryň öndürilendigini belläp geçýär.
Türkmenistanyň ähli çäklerinde gelin-gyzlar ýüpekçilik bilen meşgullanýarlar. Gurçuk tutmak, pile almak, pileden ýüpek almak, ýüpegi agartmak we ony gadymy tebigy boýaglar bilen boýamak işleriniň tejribeleri nesilme-nesil geçirilip gelinýär. Pileden ýüpek almak üçin ilki bilen ýapyk ýerde, jaýyň içinde gazanda suw gaýnadyp ýüp alynjak piläni gazana atýarlar. Soňra gowy gaýnadyp, agaç çemçesi bilen yzygider bulaýarlar. Haçan-da pileden ýüpüň ujuny alanlaryndan soň kelebe sarap başlaýarlar. Ýüpegi agartmak üçin enelerimiz kir sabyny gyryp gowy gaýnadypdyrlar. Köpürjikläp gaýnan suwa ýüpegi salyp ýene gaýnadypdyrlar. Soňra sowaýança goýupdyrlar. Sabynly suw sowandan soň ýüpegi başga bir gaba alyp dury suwda birnäçe gezek ýuwupdyrlar. Ýüpegi agartmagyň has gadymy görnüşi çogan ösümligini ulanmak bilen baglanyşyklydyr. Munuň üçin birnäçe gün çogany suwa basyp goýýarlar. Soňra gaýnadýarlar we onuň köpürjikli suwuna ýüpegi basyp gowy gaýnadýarlar. Çoganda gaýnan ýüpek agarýar hem-de ýumşaýar. Boýag üçin ilki aşgar taýýarlanypdyr. Aşgar taýýarlamak üçin boýajak ýüpüň mukdaryna görä, bugdaýy suwly küýzä salyp bir hepdeläp goýupdyrlar. Bir hepde suwda durup ajan bugdaýyň sykyp suwuny alypdyrlar. Ýüpegi şol suwda bir gije-gündizläp ýatyrypdyrlar. Şundan soň ýüpegi aşgarlamak işi tamam bolýar. Aşgarlanan ýüpek soň ýuwlanda hem solmaýar.Ýüpek agardylandan soň boýalýar. Boýaglar ýüpekleri dürli reňke boýamak üçin gerek. Ýüpegi boýamak üçin ilki gazanda suw gaýnatmaly we oňa reňk atmaly. Suwa gowy reňk çykandan soň ýüpegi iki taraplaýyn halkalaýyn bogup gazana salmaly. Boýalýan ýüp tä sowaýança gazandan çykarylmaly däl. Soňra ýüpegi binäçe gezek suwda durlamaly. Gadymda ene-mamalarymyz ýüň-ýüpekleri boýamak üçin tebigy ot-çöplerden peýdalanypdyrlar. Reňkleriň uzak wagtlap solmazlygy, durkuny ýitirmezligi üçin zäk hem peýdalanylypdyr.
Türkmen zenanlarynyň gadymdan bäri meşgullanyp gelen hünärmentçilik senetleriniň biri ýüpekden taýýarlanýan önümleri öndürmekdir. Ýüpek ketenilere halkyň islegi hemişe uly. Ýüpek matalar we ýüpek bilen nagyşlanan geýimler hiç haçan öz gymmatyny ýitirmeýär, elmydama uly islegden peýdalanýar. Şeýle bolansoň türkmen zenanlarynyň hünärmentçilik işleriniň arasynda dürli görnüşli ýüpek matalary dokamak dowam edip gelýän senetleriň biridir. Eli çeper zenanlarymyz ýokary islegden peýdalanýan matalary dokapdyrlar. Mata dokaýan gurnawy (stanogy) ulanmak bilen ussatlyga eýe bolupdyrlar, ýüpek gurçuklaryny idetmek bilen ýüpek almak we ondan ýokary hilli matalary öndürmek babatynda ýokary tanymallyga ýetipdirler. Bu toprakda dokalan ýüzükden geçýän diýilýän matalar bütin Gündogarda meşhurlyga eýe bolupdyr.
Biz dokma senagatynyň ýokary derejede ösen döwründe ýaşaýarys. Emma muňa garamazdan, häzirki günlere çenli türkmen halkynyň gol zähmetine daýanýan öýde tara-keteni dokamak däbi dowam edýär. Türkmen zenanlary ýeňil bolmadyk bu hünäri ene-mamalarymyzdan öwrenmek, mata dokamaklygyň tilsimlerini ele almak bilen birlikde, bu işi has hem kämilleşdiripdirler. Mirasy öwreniji alymlarymyzyň berýän maglumatlaryna laýyklykda matalaryň keteni, sowsany, göwderi, galbiri, jöwher keteni, çepbetew, ýedidürli, sarysolan, gyrmyzy donluk, kese atym ýaly görnüşlerini dokamak türkmen zenanlarynyň gadymdan bäri dowam edip we nesilden-nesle geçip gelýän kesp-kärleriniň biridir.
Elde dokalýan mata önümlerine bolan isleg hemişe ýokary derejede. Çünki, elde dokalan matalardan taýýarlanylýan egin-eşikler görnüşi taýyndan örän nepis we göze gelüwli. Olaryň ulanylyşy-geýnilişi milli däp-dessurlarymyz bilen hem berk baglanyşyklydyr. Mysal üçin, halkymyzyň asylly däplerine laýyklykda, gyz göçürilende we ýigit öýlendirilende olaryň toý lybaslary elde dokalýan meşhur el ketenilerinden we gyrmyzy donluk matalardan tikilip taýýarlanylýar. Toý eşikleri esasan gyzyl reňkde bolup, ol gülleýişiň, söýgüniň, gujur-gaýratyň, hyjuwyň, ösüşiň alamatlaryny özünde jemleýär. Halk arasynda gyzyl reňkli ketenilere «köz ýaly» diýlip baha berilýär. Gyzyl keteni hem güneş nurundan nurlanyp ösýän bägül kysmy özüniň gözelligini çar ýana saçýar.
Türkmen milli lybaslary erkek adamlara, aýallara, gyzlara, oglanlara, şeýle hem çagalara niýetlenip tikilýär. Her bir zada döredijilikli çemeleşýän zenanlarymyz tarapyndan içki eşikleriň hem birnäçe görnüşi taýýarlanypdyr. Gysga we uzyn görnüşli içki köýnekler hem-de balaklar ýörite üstki eginbaşlaryň içinden geýinmek üçin tikilipdir. Köýnekler, donlar, çäkmenler, içmekler, ýeňsizler, çopanlaryň gyşyna geýýän oýlugy, guşaklar, balaklar, telpekler, joraplar daşyndan geýilýän üstki egin-eşiklere degişlidir. Başa geýilýän geýimlere (başgaplara) - tahýalar, başatgyçlar, kürteler, çyrpylar, gyňaçlar, telpekler, şypyrmalar, gulakjynlar, börükler we dürli görnüşdäki gyralary seçeklenen uly ýaglyklar we kellä daňmak üçin niýetlenen kiçi ýaglyklar girýär. Erkek adamlaryňkydan tapawutlylykda, türkmen zenanlarynyň milli lybaslary - aýratyn-da olaryň toý eşikleri, özüniň nusgawylygy, reňkleri, keşde-nagyşlarynyň ýokary kämillik derejesinde ýerine ýetirilenligi bilen görenleri haýran galdyrýar. Durşuna nagyş bolup duran çyrpylarymyz, gyzyl hem-de ýaşyl reňkli nusgawy kürtelerimiz, gelinlerimizi uz görkezýän düýpli gyňajymyz, gyzlarymyzyň başyny bezeýän köz ýaly ýanyp duran keşdeli tahýalarymyz özüniň bezeliş kompozisiýasy boýunça sungat derejesine ýetirilen gymmatlyklaryň hatarynda durýar.
Kemine şahyryň döredijiliginde:
Seniň eliň, meniň dilim hünäri,
Nusga bolup galsyn, ilden-illere –
diýen şahyrana setirler bar. Hawa, şahyryň aýdyşy ýaly bu gadymy ilde dünýä çawy düşen nusgalyk gymmatlyklar döredilipdir. Ähli pasyllarda özboluşly gözellige eýe bolan tebigatymyzyň çeper beýanyny özünde jemleýän milli lybaslara türkmen zenanynyň hünärli golundan dörän nepis sungat diýsek jüpüne düşer.
Türkmenistanda ýokary hilli ýüpek matalary dokamak işi gadymy däplere eýedir. Ol matalar özüniň nepisligi bilen bütin dünýäde meşhurlyga eýe boldy. Gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan al-elwan reňkdäki ýüpek matalaryň, pagta süýüminden dokalan matalaryň we ýüň matalaryň bölekleri bu mekanda mata dokamaçylygynyň gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýändiginiň aýdyň subutnamalarydyr.
«Ýüzükden geçýän» diýilýän matalar türkmeniň şöhratyny dünýä ýaýypdyr. Ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly özüniň nepisligi, jana ýakymlylygy, göze gelüwliligi bilen tapawutlanýan elde dokalýan matalaryň keteni, sowsany, çepbetöw, göwderi, galbiri, jöwher keteni, ýedidürli, sarysolan, gyrmyzy donluk, kese atym ýaly onlarça görnüşleri, şeýle hem başa atmak üçin niýetlenen agyr düýpli gyňaç, kakma gyňaç ýaly gyňaçlaryň görnüşleri döredilipdir. Ol matalar türkmen durmuşynyň bezegi bolup geldi. Bu mata önümlerini türkmen zenanlary ýönekeý agaç guramalarda (stanoklarda) dokapdyrlar. Onda türkmeniň naýbaşy milli geýimi bolan keteniler dokalýar. Keteniler nepisligi, islendik ýaşdaky adama gelişýänligi bilen milli ähmiýete we gymmate eýe.
Türkmen milli egin-eşikleri özüne çekijiligi bilen dünýä ýüzünde meşhurdyr. Sünnälik bilen nagyşlanan we nepislik bilen tikilen, sungat eseri derejesine ýetirilen geýim-gejimlerimiz biçiwiniň oňaýlylygy, görnüşiniň göze gelüwliligi, reňk aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Türkmeniň milli geýimleri hem onuň häsiýeti ýaly salyhatly. Türkmenler özüniň asylly däplerine, ýol-ýörelgelerine ygrarly halk hasaplanylýar. Şeýle bolansoň durmuş ýollaryny birkdirip, toý toýlaýan ýaş juwanlarymyzyň milli toý geýimlerinde hem şol geýimleri biçmegiň we oňa nagyş salmagyň, beýleki matalary utagaşdyryp ulanmagyň, dürli şaý-sepleri dakmagyň däpleri häzirki günlere çenli asyl nusgasynda dowam edip gelýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen medeni mirasymyzyň, milli gymmatlyklarymyzyň döreýiş taryhyny öwrenmeklige aýratyn ähmiýet berilýär. Merdana pederlerimiz, paýhasa baý dörediji zenanlarymyz tarapyndan sungat eseri derejesine ýetirilen ol gymmatlyklar häzirki nesillere milli däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy öwrenmäge uly goldaw berýär. Olaryň hemmesi hem terbiýeçilik ähmiýetli gymmatlyklar. Olar öz dogduk Diýaryňy söýmegiň, öz Watanyňa wepaly hyzmat etmegiň, döredijilikli zähmet çekmegiň nusgasy bolup, uzak heňňamlaryň dowamynda kämilleşip biziň günlerimize gelip ýetdi.
Türkmen milli lybaslary halkyň asyrlar aşyp gelýän durmuş ýörelgelerini häsiýetlendirýän medeni gymmatlyklarymyzyň bir görnüşidir. Olar çeper elli zenanlarymyzyň döredijilik dünýäsinde kemal tapdy. Türkmeniň döreden milli gymmatlygy hökmünde dünýä ýaýyldy. Milli lybaslar halkymyzyň milli özboluşlylygyny, milli aýratynlygyny özünde jemlemek bilen olary taýýarlamagyň gadymy däplerini öwrenmek, ösdürmek we indiki nesillere ýetirmek döwrümiziň wajyp meselesi, ömrümiziň manysyny düzýän baş maksatlarymyzyň biridir.
Türkmenistan Watanymyz irki döwürlerden bäri mata dokmaçylygynyň iň iri we ösen merkezleriniň biri bolup geldi. Häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň dokma senagaty pajarlap ösýän pudaga öwrüldi. Eziz Diýarymyzda hereket edýän dokma toplumlary, bäş welaýatyň her birinde trikotaz we jinsi, ýüpek we ýüň matalary öndürýän dokma kärhanalary muňa aýdyň mysaldyr. Häzir Türkmenistan Watanymyz dünýä ýüzünde dokmaçylygyň iň ösen merkezleriniň biri hasaplanylýar. «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi bilen türkmen Diýarynyň ýüpekçiligi we dokmaçylykda ýüpek önümçiligi dünýä ýaň saldy.