SÄHRAÝA AŞYK BOLMUŞAM


SÄHRAÝA AŞYK BOLMUŞAM

Häzirki zaman ylmy dünýäde çöller ömrüň dowamlylygyny artdyrýan şypahana, adam isleginiň aw, çarwa, düme, odun, gazylyp alynýan, ýol-ulag, elektrik geçiriji gurluşyklaryň taslamalaryny kanagatlandyrýan meýdançasy, ykdysady taýdan kuwwatly, döwrebap täze obalaryň, syýahatçylyk, täjirçilik, sagaldyş merkezleri, peşgeş berýän ýokumly maddalaryň, düşewintli halk hojalygynyň önümçiliginiň, ylmy synaglarynyň humlary, rahmet bahry bolup hyzmat edýär. Çöller derejeleri, görnüşleri, atlandyrylyşy, ýerleşişi, toparlary, ölçeg meýdanlary, depginli özgermeleri, mydamalyk we möwsümleýin öwüsýän howa akymynyň ýaýraýşy boýunça biri-birinden düýpli tapawutlanýarlar. Goja zeminde häzirki wagtda adamzada 36 sany çöller gündelik hyzmat edip, olar ýer şarynyň 15% eýeleýärler. Çöller ynsan ykbalyna günde 50%-i möçberde senagat, durmuş önümlerini berýärler. Çöller toprak örtüginiň düzümi boýunça ürgün çägeli, toýun, şorlaşan, daşly, jyglym, gipsleşen, gyýçakly, düzlük, duzly, oazis, sähra gatlakly, oturymly çomry ilatly toparlara bölünýärler. Ýer şarynyň ilatynyň bir milliardynyň ykbaly günde çöller bilen bagry badaşýar. 1988-nji ýylda paýtagtymyzda sebitde ilkinji gezek Çölleşmä garşy göreşmek boýunça halkara maslahaty geçirildi. 1994-nji ýylda Parižde Çölleşmä garşy göreşmek boýunça BMG-nyň halkara Konwensiýasy kabul edildi Şol döwürden bäri her ýylyň 17-nji iýuny Halkara Çöller güni hökmünde dünýä ýurtlary tarapyndan bellenilip geçilýär. BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 58-nji maslahatynyň karary bilen 2006-njy ýyl Halkara Çöller ýyly hökmünde bellenilip geçildi. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň lirikasy çölleriň tebigy şertleriniň taryhy üstünliklerini öwrenmekde, çölleriň baý biologik gymmatlyklarynyň halk hojalygynyň ösüşi üçin netijeli ugurlaryny kesgitlemekde we çölleriň emele geliş, geografik, ekologik, guşaklyklaryny, häsiýetlerini, özgermelerini we alamatlaryny ýüze çykarmakda ýakyn maslahatçy, wepaly dost, uly gollanma bolup çykyş edýär.

Ussadyň eserlerininiň 40-a golaýynda çöl durmuşynyň leksikasyna degişli 100-den gowrak söz düzümlerini işjeň ulanylýar. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň «Sähraýa aşyk bolmuşam», «Çöle çykyp maýa bozlar», «Külli türkmen oýnar çölüň üstünde», «Selpäp gezer deştde malyn gaçyran», «Magtymguly, mejnun bolup, Gitseň gerek çöl biläni», «Haýran Mejnun bolup, çykam çöllere», «Çöl ýerde gezer sen, ýat edip heýli», «Çyrpanyşar çölünde neri, maýasy», «Magtymguly, kimse deşdedir, sarwan», «Çöl ýerde göwre galdyrma», «Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn», «Ýoly gumluk, yssy erdi howasy», «Ol gitdi çöl bilen gözleri girýan», diýen hikmetli setirleri tebigatyň çöl keşbini we peýzažyny umumy häsiýetde suratlandyrmagyň ajaýyp çeper beýany bolup dabaralanýar.

Pähimdaryň «Kyldy ýaranlar» diýen eserinde «Bir çöl bardy, ol Berrimejnun, Ýoly gumluk, howa yssyg erdi çyn» diýen setirleri okamak bolýar. Berrimejnun çöl sözi Kaýs ibn Muada al-Amri ibn Muzahim Mejnun atly VII asyrda ýaşap geçen arap şahyry, hak didaryna, biribar dilberine aşyk bolan şahsyýetiň Mekke-Medene aralygynda ýerleşýän, ýaşan çöl düzlükleriniň sebit atlarynyň umumylygyny, şepagatyny aňladyp gelýär. Söz mülküniň şasy Magtymguly Pyragynyň «Gelse gerekdir» atly eserinde «Sahara deştinde, maşryk, magrypdan, Melekler zarp urup sürse gerekdir» diýen hümmetli setirler jemlenýär. Sahara çöli dünýäde meýdany we ýowuz howa gurşawy boýunça birinji orunda durup, sözüň manysyny arap dilinden terjime edilende gazaply düzlük, giň, howply giňişlik diýmekligi aňladýar. Afrika yklymynyň ¼ bölegini eýeleýän Sahara çölüniň meýdanynyň 70%-i möçberde geçmesi we barmasy kyn bolan daşly, alaňly-çagylly, şorluk çägeli çöller düzýär. Çölleriň içinde Sahara çöli güýçli ýelli tozanly häsiýetleri we gazylyp alynýan baýlyklaryň uly goruny, gatlaklaryny özünde jemleýän, bu çölde ösümlikleriň 1200-den gowrak görnüşleri, haýwanat dünýäsiniň 4000-e golaý görnüşleri duş gelýär. Dünýä edebiýatynyň görnükli ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde Kerbala çöli 15-den gowrak goşgularda agzalýar we wasp edilişi boýunça çölleriň içinde birinji orny eýeleýär. Kerbala sözüni arap dilnden terjime edilende hasrat getiren gum, şowsuzlyk beren yklym, şatlyklary böwsen gaýgyly ülke, horluk, azap meýdany diýmekligi aňladýar.

Edebi sähralaryň bilbili bolup tebigy çöl sähralara aşyk bolan Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» atly eserinde «Jeýhun bilen bahry-Hazar arzasy, Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň» diýen hyrydarly setirleri dünýäniň geografiýa ylmynda ülkämiziň fiziki kartasynda ýerleşýän janly keşbini, halk toponimikasynyň kartotekasyny aňladýan Garagum çölüniň çeper aňladylmasydyr. Garagum çöli dünýäde meýdany boýunça dokuzynjy orunda durup, yssylygy boýunça dünýä çölleriň sanawynda 6-njy basgançagy, tebigy mineral serişdelere baýlygy boýunça üçünji hatary eýeleýär. Sözüň manysy edebi çeşmelerde ýedi dürli nusgalarda ulanylýar. Mähriban watanymyzyň 80 % meýdanyny Garagum çöli tutup, onda 9 görnüşli çöl ekoulgamy duş gelýär. Bu çöl gadymy Turan pesliginiň çökündilerinden emele gelendigi ylmy edebiýatlarda beýan edilýär. Ylmy dünýäde Garagum çöli 8 ugra-Garabogaz, Merkezi, Üňiz, Amyderýa etek, Günorta-Günbatar, Ustýurt, Müňgyşlak, Aralýaka toparlara bölünip öwrenilýär. Garagum ähli çölleriň arasynda topografik, biologik, kosmologik, tematik, bibliografik, taslama, seljerme, ekologik, tebigy eşretleriň ugurlary boýunça iň baý sebitleriň biri-üçünjisi hasap edilýär.

Güneşli Diýarymyzyň bu gadymy mekanynda «Bereketli Garagum» goraghanasynyň döredilmegi, «Türkmen kölüniň», howdanlaryň, derýalaryň gurulmagy, obalaryň we senagat kärhanalaryň gurluşyklarynyň, guýularyň dürli görnüşleriniň, halk hojalyk desgalarynyň täze tapgyrlarynyň alnyp barylmagy aýratyn guwandyryjydyr. Akyldaryň ýowşan ysly sähralar ýaly mukaddes, çöller ýaly giň, hazynaly, gyzgyn mähirli, howasy ýaly hoştap, ilhalar, melhemli, zerewşan, söýgetli, alawy söýündiriji, merhemetli, erkana, duýgur gözýetim nazarlaryndan kemal tapan ykballaryň şowlulygy köpleri buýsandyrýar.

Şöhratly senelere beslenen «Arkadag Serdarly-Bagtyýar Ýaşlar» ýylynyň 10-njy we 25-nji sentýabr aýynyň aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen BMG-nyň ÝUNESKO guramasynyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň, Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnama arkaly ýurdumyzyň Garagum çölüniň çäklerinde ýerleşýän «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek hakynda taryhy çözgüdiň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara derejesinde medeni, ylmy, jemgyýetçilik hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňelýändiginiň, döwletiň sagdyn ekologiýa syýasatynyň, tebigaty goramagyň köptaraply diplomatiýasynyň dünýäde dabaralanýandygynyň täze subutnamasynyň biri bolup ykrar edildi.

Dädebaý PÄLWANOW