DÜNÝÄ DOLÝAR BU TÜRKMENIŇ OWAZY


DÜNÝÄ DOLÝAR BU TÜRKMENIŇ OWAZY



«Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly we maslahaty



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde halkara derejesindäki medeni forumlar, sergiler, festiwallar yzygiderli geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýan şeýle festiwallaryň, forumlaryň, sergileriň geçirilmegi, dostlukly halklaryň medeniýetiniň, sungatynyň, döredijiliginiň gülläp ösmegine, täze üstünliklere, belent sepgitlere ýetmegine giň ýollar açýar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dünýäniň ençeme döwletleriniň sungat ussatlarynyň, sungaty öwrenijileriniň gatnaşmagynda geçirilýän «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly we maslahaty ýurdumyzyň medeni durmuşyndaky täze taryhy wakalaryň biridir.

Şu gün, 28-nji noýabrda halkymyzyň milli däp-dessurlarynda mäkäm orun alan dost-doganlyk gatnaşyklaryny aýdyň şöhlelendirýän «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalynyň we maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Aýdym-saz halklary ruhy taýdan ýakynlaşdyrýan, birleşdirýän, jebisleşdirýän ruhy güýçdür. Muny «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalynyň we maslahatynyň açylyş dabarasynda geçirilen Türkmenistanyň we daşary ýurtly aýdym-saz toparlarynyň bilelikdäki konserti hem doly tassyklaýar. Konsertde türkmen we dünýä halklarynyň meşhur medeniýet, sungat ussatlarynyň, aýdymçydyr sazandalarynyň joşgunly aýdym-sazlary göwünlere ganat baglatdy. Dünýäniň agzybirlik mukamy bolup ýaňlanan ol aýdym-sazlar festiwalyň açylyş dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Türkmen we dünýä halklarynyň baý medeni mirasyny, köpöwüşgünli sungatyny wagyz etmekde, dostlukly halklaryň bu ugurda gazanan üstünlikleri bilen tanyşmakda bu festiwala uly orun degişlidir.

Türkmen we dünýä halklarynyň dost-doganlygynyň pugtalandyrylmagy, medeniýetiň, sungatyň dünýä ýüzünde dabaralanmagy ugrunda alyp barýan maksatly işleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlar aýdýarys.

Dünýä halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, halkymyzyň çuňňur ynsanperwerlik duýgularyny, agzybirlik-parahatçylyk baradaky milli garaýyşlaryny beýan edýän milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde we türkmeniň kalbynyň şirin owazyny dünýä ýaýmakda Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan tutumly işleri hemişe üstünliklere beslensin.

Ogultäç HOJANAZAROWA.