«MAGTYMGULY, SÖZLÄR TILI TÜRKMENIŇ» festiwalyň Mary welaýat tapgyry geçirildi


«MAGTYMGULY, SÖZLÄR TILI TÜRKMENIŇ» festiwalyň Mary welaýat tapgyry geçirildi



Halkymyz özüniň beýik ogly, akyldar şahyry Magtymguly Pyraga çäksiz hormat goýýar. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary özüniň çeperçilik kuwwaty, many çuňlugy, pikir goýazylygy, milli mazmuny, umumadamzat ähmiýeti bilen dünýä edebiýatynda mynasyp orun eýeleýär. Ykbalyny halkyň ykbalyna baglap, onuň durmuşyny şygyrlarynyň süňňüne siňdiren şahyr uly baha – umumyadamzat söýgüsine mynasypdyr. Onuň çuň paýhasa ýugrulan eserleri şirin söze, dana paýhasa teşne kalplarda baky ýaşaýar. Şahyr umumadamzat bähbidine ýugrulan baý döredijiligini, egsilmez hazynany miras galdyrdy. Magtymgulynyň eserleri halk bilen, onuň isleg-arzuwy, şatlygy, gaýgy-gamy, dünýägaraýşy, Watana bolan söýgüsi bilen berk baglanyşykly. Onuň eserleri bagşylaryň diliniň dessany, halkyň kalbynyň belent owazy bolup ýaňlanýar.

31-nji maýda Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Medeniýet öýünde geçirilen «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly festiwal hem şahyryň “Magtymguly sözlerim saza salsaň uz bolar” diýişi ýaly şahyryň sözlerine döredilen ajaýyp aýdym-sazlara bagyşlanyldy.

Bu festiwal Berkarar döwletimizde uly joşgun bilen ýaňlanýan bagtyýarlyk mukamyna özboluşly şowhun, täsin öwüşgin çaýdy. Ol aýdymlar türkmeniň köňül kelamy bolup ýaňlandy.

Çünki, şahyryň eden arzuwlary, halkyň belent hyýallary bu günki bagtyýar zamanamyzda, türkmeniň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de onuň nusgalyk ýoluny dowamat dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen hasyl boldy.

Ogultäç HOJANAZAROWA.