Gül nagyşly gültahýam


Gül nagyşly gültahýam



Gültahýa gadymdan gelýän başgap bolup, ol gyzlaryň başyny bezeýär. Onuň gül pürkülen görnüşindäki keşdeleri Aýyň, Günüň, asmanyň, zeminiň, älem-jahanyň, ýaşaýşyň bakylygyny, baharyň gözelligini alamatlandyrýar. Gültahýanyň depesi sekiz bölünip, olar baldaklary aňladýar. Olar bölünende, baldaklaryň ýapraklaryny keşdelär ýaly azajyk ýer galdyrylýar. Ýapraklar goýy ýaşyl, goňur we gyzyl reňkli ýüpek sapaklar bilen keşdelenilýär. Tahýanyň keşdeleriniň on ikä bölünen görnüşlerine hem duş gelinýär. Bu bolsa bir ýylda on iki aýyň bardygyny görkezýär.
Gültahýanyň depesi bilen etegini birikdirýän nagşa «Ýylanagyz» diýýärler. Tahýanyň iň soňky nagşy bolsa «Tegbentdir». Ol «Bela- beteriň öňünde bent bolsun» diýen ynanç bilen edilýär. Bu nagyş «Tahýany geýen gyzy gözden-dilden gorasyn» diýen niýet bilen hem salynýar. Tahýanyň eteginiň gyrasyna goýy ýaşyl ýüpekden jähek tutulýar. Ol kellede gowy durar ýaly, jähegiň gyrasyna işilen gyrmyzy-gyzyl reňkli ýüpek tikilýär. Tahýalara «Gyýak» nagşy hem salynýar. Şeýle başgaplara «Gyýakly tahýa» diýýärler. Gyzlar dürli reňkli ýüpek sapaklar bilen keşdelenen tahýasynyň üstünden gupba hem dakýarlar.

Baýrambike SAPAROWA