LEZZETLI TAGAMLAR


LEZZETLI TAGAMLAR



“Sähel derdi aş basar”

Halk arasynda “Sähel derdi aş basar” diýen aýtgy bar. Unaş türkmeniň milli tagamy. Ol gyş aýlary dümewleseň hem peýdaly. Ilki bilen unaşyň hamyryny etmeli. Hamyryna ýumurtga, azajyk gatyk garsaň has tagamly bolýar. Duzuny islegiňe görä atmaly. Ýylyjak suw bilen garmaly. Ondan soň ununy guýmaly. Unaşyň hamyryny gowşak etmeli däl, gaty tutmaly, gowy ýugurmaly. Ýugrumy gowy ýetmeli. Unaş kesilende seçelenip durýar. Hamyr edip bolaňsoň azajyk basyryp goýmaly. Soň unaşyň jazyny taýýarlamaly. Gazany ataryp içine azajyk ýag guýmaly, eti maýda dograp gowurmyşlamaly, ondan soň maýda dogralan sogany atmaly we ony hem gowurmaly. Iki sany pomidory hem daşyny ardyp dograp gowurmaly, muňa bolgar burçuny atsaň hem özboluşly tagam berýär. Soňra gaýnag suw guýmaly. Bular ýuwaş ýanýan otda gaýnap durmaly. Bu zatlary taýýarlaýarkaň unaşyň noýbasyny hem ýuwup suwly gapda gaýnatmaly. Ondan soň demini alan hamyry ýaýmaga başlamaly. Munuň üçin ilki hamyry zuwalalara bölmeli we gaýzygmaz ýaly saçaga dolap goýmaly. Ondan soň bir-birden alyp ýaýyp başlamaly. Hamyryny näçe ýuka ýaýdygyňça gowy bolýar. Soňra ýaýylan hamyry ol ujundan bu ujuna çenli dolap alyp gaýtmaly, ony ýiti pyçak bilen inçe edip kesmeli. Ýaýylan hamyry hökman ýelmeşmez ýaly unlamaly. Kesilen hamyry eliň bilen çekişdirip başga bir gapagyň ýüzünde seçelendirip, ýaýradyp goýmaly. Unaşyň çorbasy gaýnansoň bişen noýbalary hem atmaly, duzuny görmeli we kesilen unaşyny seçelendirip gazana atmaly. Gazana atylan unaşy derrew susak bilen bulamaly. Bir baş gowy gaýnansoň unaş taýýar bolýar. Burçlap, gatyklap äberibermeli. Unaşa süzmäni çalyp garsaň has tagamly bolýar. Şeýle hem unaşa mäş atsaň hem tagamly bolýar.

Mäşli, noýbaly bulamak

Mäşli, noýbaly bulamak milli tagamlaryň iň gadymylarynyň biridir. Ony taýýarlamak üçin et, ýag, mäş, un, noýba, kädi gerek. Bu tagamy taýýarlamak üçin ilki onuň etini uşak edip dogramaly. Et öz islegiňe görä atylýar. Gazany ataryp, göz çaky bilen ýag guýmaly. Gyzansoň etini gowurmyşlamaly. Ondan soň bir käse un atyp ony hem gowurmaly. Soň öz islegiňe görä gaýnag suw guýmaly. Gowy gaýnansoň mäşini atmaly. Ondan soň gaýnadylyp goýlan noýbany atmaly. Iň soňunda uşak dogralan kädini atmaly. Biraz buguna goýmaly. Hemmesi garyşyp gowy bişýär. Islegiňçe duz atmaly. Tagam ýarym sagat gaýnansoň taýýar bolýar. Bu milli tagam hem ýokumly hem tagamly. Gyş aýlary taýýarlanylsa has-da talaba laýyk bolýar. Howanyň sowuk wagty gyzgynjak mäşli bulamak işdä ýakyn bolýar.

Sök

Gawun gowy bişen wagty süýji gawunlary saýlap, gyrgyç bilen gyryp, gazana atyp, ýuwaş ýanýan otda gaýnatmaly. Ol öz suwy bilen gaýnaýar. Gaýnap “indi boldy, bala döndi” diýlende, bugdaý ununy gowrup garmaly. Soňra künji atmaly. Bu diýseň lezzetli bolýar. Ony çaý bilen iýseňem, myhmanlara äberseňem türkmeniň datly tagamy.

Toşap

Taryhyň belli-belli döwürlerinde “Alaçaly ýag” adyny alyp, saçagyň iň nygmatly tagamy hasaplanylan toşap dermanlyk tagamdyr. Toşap taýýarlamak üçin gowy bişen garpyzlary saýlap almaly. Lötüni gazana atmaly. Gaýnansoň süzgüçden süzüp çigidini aýyrmaly. Ony köp gaýnatmaly. Gowy gaýnansoň egsigini hem guýmaly. Gazan gaýnansoň guýulýan garpyz suwuna egsindi diýilýär. Egsindini hem guýup, gowy gaýnatmaly. Gaýnap goýalýar. Lowurdap duran reňkli toşap emele gelýär. Oňa saryýag, ýa-da ak ýag garyp iýseň has hem lezzetli. Ak ýag garylan toşaba “Alaçaly ýag” diýilýär. Öňki döwürlerde ol iň arzyly tagamlaryň biri bolupdyr.

KAK

Kak türkmeniň ýaşaýyş durmuşynda gadym döwürlerden bäri taýýarlanyp gelýän tagam. Ol esasan, gyş üçin taýýarlanylýar. Kak taýýarlamak üçin ilki süýjäp gowy bişen gawunlardan almaly. Olary dilip-dilip, çigidini aýryp, arassa gamşyň üstüne goýmaly. Soňra ýüp germeli. Ýumşan gawunlary şol ýüpden asmaly. Dilinen gawunlar saralýar. Olary towlap-towlap örmeli. Soňra zamçanyň içini köwmeli, ony guratmaly, içine ýaňky kaklary salyp agzyny tikmeli. Ony birine sowgat berseň hem bolýar. Gyşa hem gowy durýar.

Mazy

Gözel Diýarymyz gadym döwürlerden bäri bal ýaly süýji gawunlaryň, dürli iýmişleriň, miweleriň mesgeni hasaplanýar. Bereketli türkmen topragymyzda bakja ekinleriniň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Şolaryň biri hem mazydyr. Ol – gawunlar maşgalasyna degişli, ýakymly ysly, iýmitlik ähmiýeti bolmadyk, ýumruk ululykdaky bakja ekinidir. Onuň miwesi iýilmeýär. Ol daş görnüşi boýunça zamça gawuna meňzeşdir. Ekerançy ata-babalarymyz gawunly pelleriň gyralaryna mazyny ürç edip ekipdirler. Ýakymly ysy mazynyň ähmiýetini artdyrypdyr. Ony köşgi-eýwanlaryň dälizlerinde, äpişgeleriň tekjelerinde ýöriteläp goýupdyrlar. Mazynyň ýakymly ysynyň kesel bejerijilik ähmiýetiniň bolandygy barada maglumatlar bar. Näsag adamyň işdäsini açmak üçin onuň bolýan jaýynda mazy goýupdyrlar. Ysgamak üçin eline beripdirler. Kiçijik mazylary ýaşajyk çagalaryň eline oýnamaga beripdirler. Naşyja mazylaryň döreýşi barada şeýleräk bir rowaýaty hem gürrüň berýärler. Bir obanyň abraýly maşgalasynyň gelni hamyla bolup, aş saýlap ugrapdyr. Gelniň hiç zat bilen hoşy bolmandyr. Gaýynlary gelniň aladasyny edip, göwni näme islese, tapyp bermäge taýýar bolupdyr. Günleriň birinde ýaş gelin ýanýoldaşyna: „Wah, şu wagt bir ysy kükäp duran süýji gawun bolsady, ysgap bir doýsamdym” diýenmiş. Ýaş ýigit bu gürrüňi ata-enesiniň ýanynda agzapdyr. Bu habardan soň goňşy obada ýaşaýan belli gawunçynyň öýüne baryp ýagdaýy düşündiripdirler. Gawunçy olara gawun bilen bile ýene-de bir bakja ekinini berip goýberenmiş. Daşyna keşde çekilen ýaly saryja dessemaýany ysgan gelniň işdäsi açylypmyşyn.
Bakjasy barly Diýarymyzda ösdürilip ýetişdirilýän we biziň süňňümiziň sagdynlygyny üpjün edýän dürli-dümen ir-iýmişler, miweler, gök önümler saçaklarymyzyň bezegidir.

Ogultäç Hojanazarowa