TEBIGAT TÄSINLIKLERINIŇ AJAÝYP KÜNJEGI


TEBIGAT TÄSINLIKLERINIŇ AJAÝYP KÜNJEGI



Ýurdumyz tebigat täsinliklerine baý ülkedir. Türkmen tebigatynyň gözel künjekleriň biri hem Köýtendag hasaplanylýar. Döwletimizde Köýtendagyň tebigat täsinliklerini, baýlyklaryny ylmy taýdan hertaraply öwrenmek, olar barada maglumatlary toplamak we gorap saklamak, dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak, ýaş nesillere wagyz etmek, syýahatlary guramak işleri yzygiderli alnyp barylýar.

Şu maksatdan ugur alnyp, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Miras” teleradioýaýlymynyň döredijilik topary we Lebap welaýat häkimligi bilen bilelikde, 2022-nji ýylyň 18-19-njy noýabrynda “Köýtendag – türkmen tebigatynyň täsinliklerine baý bolan ajaýyp künjegidir” atly maslahat geçirildi.

Maslahatda edilen çykyşlarda Köýtendagyň taryhy ähmiýeti, onuň ekolulgamyny goramak, onuň tebigatynyň ýaşaýyş gurşawa ýetirýän täsiri, ol ýerini bagy-bossanlyga öwürmek we gorap saklamak, tebigatyň türkmen topragyna eçilen gudraty we ajaýyp künjek bilen baglanyşykly beýleki gürrüňler öz beýanyny tapdy. Şeýle hem maslahata gatnaşanlar “Gadymy Amul” taryhy ýadygärligine gezelenç etdiler, Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine aýlanyp gördüler, muzeýiň tebigat bölümindäki medeni gymmatlyklar bilen tanyşdylar.



Gülnar JORAÝEWA.