«MILLI AÝDYM-SAZ SUNGATY DÜNÝÄ HALKLARYNYŇ MIRASYNDA» ATLY HALKARA MASLAHATY


«MILLI AÝDYM-SAZ SUNGATY DÜNÝÄ HALKLARYNYŇ MIRASYNDA» ATLY HALKARA MASLAHATY



Aýdym-saz adamzat durmuşynda mäkäm orun almak bilen ynsan durmuşyny beýan edýän gadymy sungatdyr. Onda taryhy wakalar, ynsanlaryň durmuş-ýaşaýyş ýörelgeleri giňden öz beýanyny tapýar. Aýdym-saz sungaty hem özüniň tematikasy tarapyndan örän giň. Onuň baş wezipesi bolsa parahatçylygy ündemek, adamlary ynsaplylyga, adalatlylyga, agzybirlige, jebislige, ynsanperwerlige, dost-doganlyga çagyrmak. Bular bu sungatyň belent missiýasy. Sallançak başyndaky ene hüwdüsinden başlap uly göwrümli saz eserlerine çenli ynsanlaryň göwün syrdaşyna, ruhy hemrasyna öwrülip bilen başga bir närse barmyka?!

Bu gadymy sungat hem özüniň dörän wagtyndan bäri uly terbiýeçilik mekdebi bolup hyzmat edip geldi. Saz gurallarynyň köpdürliligi, ýerine ýetirijilik tärleri, bu sungatyň ynsanlaryň kalbyna, hatda durmuşyna ýetirýän güýçli täsiri barada taryhy çeşmelerde-de ençeme maglumatlar berilýär. Adamzadyň taryhy döwürlerini çuňňur öwrenmekde hem bu sungata uly orun degişli.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan türkmen aýdym-saz sungatynyň ösdürilmegi we çuňňur öwrenilmegi ynsanlar arasyndaky dost-doganlygy pugtalandyrmaga, ruhy päkligiň kemala gelmegine we belent ösüşler bilen ilerlemegine diýseň uly itergi berýär. Aýdym-sazly türkmeniň gadymy halk bolşy ýaly, milletiň milli mirasy, aýratyn-da aýdym-saz sungatynyň taryhy uzak geçmişden gözbaş alyp gaýdýar. Munuň üçin türkmen sazlarynyň taryhy köklerine we bu ugurda uly göwrümli köp jiltli işleri ýazan ýazarlaryň işlerine ýüzlenmek ýeterlik.

Türkmen aýdym-sazlaryny diňläniňde bu topragyň süňňi mukama ýugrulanmyka diýdirýär. Çünki, bu jadyly sungat türkmeniň bütin taryhynda we durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Türkmeniň örki aýdym-saza baglanandyr. Aýdym-saz ynsanyň medetkäridir, belent maksatlara ruhlandyrýan ylham çeşmesidir. Şeýle bolansoň ata-babalarymyz peder paýhasyndan ene mährinden gözbaş alan bu sungat bilen bile ýaşady.

Türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň gadymylygy ýaly onuň ösen medeniýetiniň, mirasynyň, we aýdym-saz sungatynyň taryhy hem juda alyslyklara uzaýar. Türkmen milli aýdym-saz sungaty türkmen halkynyň kalbynyň owazy bolup, nesilden-nesile geçip biziň şu günlerimize gelip ýetipdir.

Bu günki gün Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda baky bagtyýarlygyň mekany bolan eziz Diýarymyzda sazyň gudraty, aýdym-saz sungatynyň üsti bilen parahatçylygyň we dost-doganlygyň waspy belentden ýaňlanýar. Bu gadymy sungatyň taryhy ösüşi çuňdan öwrenilýär. Türkmen we dünýä halklarynyň aýdym-saz sungatyny, onuň taryhy köklerini, bu ugurdaky gazanylýan üstünlikleri öwrenmekde ýurdumyzda ýokary guramaçylyk bilen geçirilýän «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalynyň we bu festiwalyň çäginde geçirilýän maslahatyň örän uly ähmiýete eýedigini bellemelidiris. Halkara derejesinde geçirilýän bu festiwala dünýäniň ençeme döwletleriniň sungaty öwreniji alymlary, professorlary, folklor toparlarynyň ýolbaşçylary gatnaşýar.

Düýn, 28-nji noýabrda, günüň ikinji ýarymynda halkara festiwalynyň çäginde «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda ençeme ylmy çykyşlar boldy. Alymlardyr sungaty öwrenijiler maslahatyň çäginde aýdym-saz sungatynyň döreýşiniň we ösüşiniň dürli meseleleri, bu sungatyň maddy däl medeni mirasyň düzüminde tutýan orny boýunça özara pikir alyşdylar. Dünýä döwletlerinden gelen sungaty öwreniji alymlar türkmen halkynyň baý saz mirasy, aýdym-saz sungaty bilen ýakyndan tanyşmakda döredilen mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.

Türkmenistanyň teatr sungatynda türkmen milli aýdym-saz sungatyny, onuň taryhy ýoluny, owazy dünýä dolan türkmen dutarynyň umumadamzat ähmiýetini dabaralandyrmakda kämil sahna oýunlary halka hödürlenilýär. 28-nji noýabrda agşamlyk Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda festiwala gatnaşyjylara görkezilen «Dutaryň owazy» atly sahna oýny hem oňa tomaşa edenlerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Goý, Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda türkmen sungaty mundan beýläk hem dabaralansyn.

Ogultäç HOJANAZAROWA.