Senetçilik önümleriniň sergisi we duşuşyklary geçirildi


Senetçilik önümleriniň sergisi we duşuşyklary geçirildi



Şu gün 30-njy martda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi tarapyndan Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde senetçilik önümleriniň sergisi we duşuşyklary guramak işleri geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk ýolundan ugur alyp, türkmen ýaşlaryna uly üns bermegi ýaşlarymyzyň geljekde ýurdy ösdürmekde, belent sepgitlere ýetirmekde, uly işleri amala aşyrmagyna badalga boldy.

2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip yglan edilmegi türkmen ýaşlarynyň aňynda milli mirasymyzyň nusgalyk görnüşlerini giňden ornaşdyrmakda, wagyz etmekde ajaýyp sepgitlere ýetjekdiginiň güwäsidir.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly mynasybetli ýaş suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, çeper elli ýaşlaryň arasynda “El hünäri il gezer” atly türkmen milli el işleriniň, amaly-haşam we senetçilik önümleriniň sergisini geçirmek hem-de ata-babalarymyzdan gelýän ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl gymmatlyklarynyň sanawyna goşulan «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Görogly dessançylyk sungaty», «Küştdepdi aýdym we tans dessury», «Türkmen milli halyçylyk sungaty», «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» ýaly milli gymmatlyklarymyzy ýitirmän saklamak, olary ösdürmek, geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen dessançy bagşylar, dutar ussalary, folklor toparlary, eli çeper keşdeçi we halyçy zenanlar bilen duşuşyk gurnaldy.

Sergä Aşgabat şäheriniň B.Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary we mugallymlary hem-de TDÇA-nyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň okuwçylary we mugallymlary şeýle hem Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň halk ussalary bu dabaraly çärä işjeň gatnaşdylar. Türkmenistanyň Milli maddy däl medeni mirasynyň nusgalarynyň Milli sanawyna girizilen gymmatlyklarymyzy aýawly saklamakda Maddy däl medeni miras müdirligi birnäçe işleri alyp barmaklygy maksat edinýär.

Milli mirasymyza uly sarpa goýýan Mähriban Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde uly rowaçlyklar ýar bolsun.