Türkmenistan umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklaryň mekany


Türkmenistan umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklaryň mekany



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adyl syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýurdumyzda medeni mirasymyzy, milli gymmatlyklarymyzy öwrenmeklige, ösdürmeklige, gorap saklamaklyga we dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmeklige gönükdirilendir.
Türkmenistan Watanymyz umumadamzat gymmatlyklaryna iň baý ýurtlaryň biri hasaplanylýar. Häzirki döwürde şol gymmatlyklarymyzy öwrenmek bilen birlikde olaryň dünýä medeniýetindäki tutýan ornuny ebedileşdirmekde Bitarap Türkmenistan döwletimiz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) hyzmatdaşlygyna giň orun berilýär. Ýurdumyzda medeni mirasymyzyň ajaýyp nusgalaryny umumadamzat gymmatlygy hökmünde gorap saklamak bilen olaryň birnäçesini ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň abraýly sanawyna” girizmek babatda birnäçe taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Bu ugurda alnyp barylýan işler barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli topary bilen bilelikde duşuşyklar, maslahatlar, telegepleşikler yzygiderli taýýarlanylýar. Türkmen döwlet medeniýet institutynda ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” girizilmegi meýilleşdirilen milli we köptaraplaýyn hödürnamalary taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmak duşuşygy hem muňa aýdyň mysaldyr. Duşyşykda çykyş edenler Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen milli-ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmek, ösdürmek, gaýtadan dikeltmek, halka gaýdyp bermek, dünýä ýaýmak, milli gymmatlyklarymyzyň iň naýbaşy nusgalaryny ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” girizilmek babatynda alnyp barylýan işler barada buýsanç bilen gürrüň berdiler. Türkmen halkynyň umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklaryny öwrenmekde, gorap saklamakda we olaryň taryhy-medeni ähmiýetini dünýä ýaýmakda döredip beren giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz sag bolsun aýtdylar.