Horjun


Horjun



Milli gymmatlyklarymyzyň ajaýyp nusgalarynyň biride horjunlardyr. Olar kilim, haly görnüşinde dokalyp, egne atyp gitmek üçin niýetlenilipdir. Horjun iki gözli bolup, onuň daş ýüzi çitme görnüşinde dokalypdyr, içki tarapy bolsa palas-kilim görnüşinde kakma usulda ýerine ýetirilipdir. Horjunlaryň agzy halka gözenekler bilen bezelipdir. Şol halkalar geçiniň ýüňünden edilipdir.
Häzirki wagtda horjunlar hojalykda seýrek ulanylýar. Gadymy döwürlerde olar belli maksatlar üçin niýetlenilip dokalypdyr. Şonuň üçin irki döwürde dokalan horjunlar bilen häzirki döwürdäkileriň ölçeglerinde tapawudyň bolmagy mümkin. Öňler zenanlar olary matadan hem tikipdirler. Gadym döwürlerde at, düýe horjunlary hem bolupdyr.
Horjunlar haly, kakma, çitme ýaly görnüşlerde dokalypdyr. Bulardan başgada, Türkmen halysynyň milli muzeýinde horjunlaryň öýdüme görnüşi hem bar. Öýdüme horjunlar «gylyç» diýlip atlandyrylan gural bilen dokalypdyr. Olaryň nagşy, ýüpi beýleki horjunlaryňkydan ýogynrak bolýar. Horjunlary, esasan, erkek adamlar eginlerinde göteripdirler, onuň bir gözüni eginlerinden öň tarapa, beýlekisini bolsa arka tarapa atypdyrlar. Atlara, düýelere, gatyrlara niýetlenen horjunlar olaryň ýagyrnysyndan aşyrylyp atylypdyr we her gözi bir tarapdan sallanyp, olara ýük urlupdyr. At horjunlaryna, ýük gatyrlaryna niýetlenen, hem-de düýe horjunlaryna dürli agyrlykdaky azyk harytlary ýüklense-de, iki tarapynyň deňagramlylygynyň sazlanandygy üçin, hiç tarapa agmandyr.
Uly horjunlar, esasan azyk önümlerini salmak üçin niýetlenilipdir. Awa gidilende aw etini salmak üçin hem ýörite horjunlar bolupdyr. Aralyk horjunlara kitap, kagyz, galam ýaly zatlar salnypdyr. Kiçi horjunlar bolsa çagalara niýetlenilipdir. Oglanjyklar oňa öz aşyklaryny salypdyrlar. Ak öýlerde ulanylýan horjunlar hem bolupdyr, olara egin-eşikler we beýleki zerur zatlar salnyp goýlupdyr.

Madina BAZAROWA