«MEDENIÝET MILLETIŇ MERTEBESIDIR» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň medeni ösüşiniň köpugurlylygyny gazanmak, taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamak we öwrenmek, dünýä halklary bilen medeniýetara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli, döwletli işlere uly badalga berildi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň medeni ösüşini dünýä derejesine çykarmak, halkymyzyň medeni däplerini, dessurlaryny we adatlaryny saklamak we ösdürmek, medeni edaralara goldaw bermek we olary maliýeleşdirmek medeniýeti ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bolup, bu ugurda maksatly işler ýola goýuldy.
Türkmen halkynyň medeni-edebi ösüşini Magtymgulysyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Parasatly şahyr edebiýatymyzy mazmun taýdan baýlaşdyran, halkylygy-milliligi ösdüren, durmuş-ýaşaýyş bilen baglanyşdyran beýik söz ussadydyr. Ol türkmen halkynyň milli guwanjydyr. Onuň umumadamzat ähmiýetli döredijiligine goýulýan hormat bütin türkmen halkynyň ruhy dünýäsine bildirilýän beýik sarpadyr. Mälim bolşy ýaly, dünýä ýüzünde bütinadamzat şygyrlary bilen tanalýan Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» atly maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Bu biziň ýurdumyz tarapyndan ÝUNESKO-nyň ady agzalan abraýly sanawyna girizilen ilkinji ýazuw ýadygärligidir.
Şu günler ýurdumyzyň çar künjeklerinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň güni mynasybetli dürli medeni çäreler, aýdym-sazly dabaralar yzygiderli geçirilýär.
12-nji iýunda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde guramaklarynda «Medeniýet milletiň mertebesidir» ady bilen aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygyna medeniýet-sungat ussatlary, Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky edaralaryň ilkinji zenanlar guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde medeniýet ulgamynda ýetilýän sepgitler, guwandyryjy üstünlikler, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň umumadamzat ähmiýetli döredijiligi barada täsirli gürrüň berdiler. Bagşy-sazandalaryň aýdym-sazlary duşuşyk dabarasyna aýratyn şowhun çaýdy.
Dabaraly duşuşyga gatnaşyjylar Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet-sungat işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmeginde döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.