Çeper Döredijiligiň Ussaçylygy


Çeper Döredijiligiň Ussaçylygy



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi ösdürmek, milli mirasymyzy öwrenmek we halk arasynda wagyz etmek, halk çeper döredijiligini goldamak, ýurdumyzda ussalary has-da döredijilikli işlemäge höweslendirmek babatda möhüm işler alnyp barylýar. Bu ugurda 2017-nji ýylyň 15-nji aprelinde Hormatly Prezidentimiz tarapyndan “Türkmenistanyň halk çeper döredijilik işini kämilleşdirmek hakyndaky” 167-nji belgili Karary möhüm ähmiýete eýedir.

Üstümizdäki ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen maslahatyň çäginde halk çeper döredijiligi bilen meşgullanýan we bu ugurda baý tejribe toplan ussat ussalara, tüýdükçi ussa Bally Kadyrowa hem-de agarçäkmenleri taýýarlaýan Aknabat Towyýewa “Çeper döredijiligiň halk ussasy” diýen hormatly adyň Şahadatnamasy gowşuryldy. Bu bolsa çeper döredijilik bilen meşgullanýan ussalary has döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.