“EKSPO-2020” Bütindünýä sergisiniň Türkmenistanyň milli pawilýonynda geçirilen “Türkmen milli zergärçilik sungatyna bagyşlanan tanyşdyrylyş hem-de milli şaý-seplerimiziň ýasalyşynyň görkeziliş” çäresi


“EKSPO-2020” Bütindünýä sergisiniň Türkmenistanyň milli pawilýonynda geçirilen “Türkmen milli zergärçilik sungatyna bagyşlanan tanyşdyrylyş hem-de milli şaý-seplerimiziň ýasalyşynyň görkeziliş” çäresi



“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylymyzda dünýä medeniýetiniň gazananlary bilen tanyşmak, bu ugurdaky hyzmatdaşlyk barha rowaç alýar. Muňa ýaňy-ýakynda, ýagny 27-nji ýanwarda “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň milli pawilýonynyň tanyşdyrylyş dabaralar meýdançasynda geçirilen “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisi hem doly şaýatlyk edýär. Milli zergärçilik sungaty gadymy sungat. Ussat zergärler tarapyndan ýasalan kämil zergärçilik önümleri türkmeniň dünýä medeniýetine goşan naýbaşy gymmatlyklarydyr. Türkmen zergärçilik önümleri dünýä derejesinde geçirilýän sergilerde mynasyp orun eýeleýär. “EKSPO–2020” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň milli pawilýonynda “Türkmen milli zergärçilik sungatyna bagyşlanan tanyşdyrylyş hem-de milli şaý-seplerimiziň ýasalyşynyň görkeziliş” çäresi geçirildi. Türkmen milli zergärçilik sungatynyň iň naýbaşy nusgalary, zergärçilik önümleriniň ýasalyş usullary çärä gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.