Ýol ýaglygy


Ýol ýaglygy



Türkmen toý-baýramy söýýän halk. Munuň özi halkymyzyň şahandazlygyndan, rurhubelentliginden, hemişe parahatçylygyň, abadançylygyň we bagtyýar durmuşyň tarapdarydygyndan nyşandyr. Bu häsiýetler türkmeniň ganyna-ruhuna siňen häsiýetlerdir. Şeýle ajaýyp häsiýetiň eýesi bolan türkmen öz durmuşyny toý-tomaşalar bilen dabaralandyrypdyr. Toýlaryň örän köpdürli görnüşini döredipdir. Ol toýuny deňli-derejeli edip ulydan tutmak üçin «Gazananym toýa ýarasyn» diýip, toýda hany-manyny orta goýýar. Türkmen toýlarynyň özge halklaryňka meňzemeýän, täsin we gyzykly pursatlary bar. Olaryň her biri türkmeniň göwnüniň baýdygyny, kalbynyň arassalygyny, ruhy dünýäsiniň ýagşylyklara beslenendigini açyp görkezýär.
Öňki döwürlerde atgulaklary atbaşçy gidýän atlaryň gulagyna ildiripdirler. At çapyp barýarka jübüt çatylan ýaglyklar onuň gulagynyň iki tarapynda pasyrdap, gelnalyja aýratyn bezeg berýär. Häzirki döwürde durmuş toýlarynda gelnalyjy maşynlara ýaglyk, ýagny atgulak dakmak däbi dowam edip gelýär. Şonuň ýaly hem gelnalyja gidýänlere atgulaklardan alyp ýörite ýol ýaglygyny berýärler. Olar ony «Ýagşyny görmek jennetdir», «Bize-de toýdan ýetirsin» diýip, gelnalyjyny görmek höwesi bilen ýola çykýan adamlara oklaýarlar. Ýol ýaglygyny alan oglan öýlenýär, gyz bolsa basym durmuşa çykýar – diýlip yrym edilýär. Gidip barýan gelnalyjydan gaçyp galan ýol ýaglygyny almak bagtdan nyşan hasaplanylýar. «Maksat-myratlaryna ýetsinler, bagtly bolsunlar» diýen ýagşy dilegler bilen gelnalyjyny synlap duranlar ylgap baryp ony alýarlar we ýüzüne sylýarlar. Ýol ýaglygyny yrym edip, «Toýdan ýetirsin» diýip saklaýarlar.