Dutar


Dutar



Türkmen halkynyň belli saz guraly dutar Orta Aziýa halklarynyň arasynda has giňden ýaýran saz guralydyr. Ol özbeklerde-de, garagalpaklarda-da, gyrgyzlarda-da, uýgurlarda-da we başga-da birnäçe halklarda bar. Emma olar bir-birlerinden möçberleri, perdeleri, hatda kirişleri boýunça hem tapawutlanýarlar.
Türkmen dutarynyň asyl nusgasynyň kädisi tut agajynyň içini köwmek bilen ýasalýar. Gapagy hem tut agajyndan ýasalyp, tamdyryň çoguna ýakylyp bejerilýär. Şonuň üçin-de dutara tamdyra hem diýilýär. Dutaryň iki kirişi boýar. Şol sebäpli-de gündogar halklarynda oňa dutar diýýärler. «Du» arap-pars dilinde «iki», «tar» bolsa kiriş diýmekdir. Dutar barada halk köp rowaýatlar döredipdir. Olaryň iň ýörgünlileriniň biri Babagambaryň dutar ýasaýşy we aty oýnadyşydyr. Ol rowaýatda şeýle aýdylýar. Gadym zamanda Baba Gammar kädä sap edip, oňa hem tar dakyp, onda owaz döredipdir. Ol at bakyp ýören ýerlerinde ony çalar eken. Şol günden başlap tarly tamdyra döräpdir diýip rowaýatda gürrüň berilýär.
Dutaryň kirişi 1930-1933-nji ýyllara çenli çig ýüpekden işip edilýärdi. Soňra ol inçejik simden edilip başlanýar. Dutaryň kirişleri kwarta düzülýär. Dutar ýekelikde çalmak, şeýle hem bagşynyň aýdymyna sazandalyk etmek üçin ulanylýar. Onuň diapozony «mi» - kiçi oktawadan, «do» - ikinji oktawa çenlidir. Emma ol adatça ýazylan notadan bir oktawa aşakda ýaňlanýar. Dutar hem, gyjak ýaly, tarly saz guralydyr.
Netijede dutardan uly orkestr düzüldi. Häzir türkmen dutarynyň ululy-kiçili görnüşleri bar. Onuň inçe ses berýän görnüşine prima, oňa görä ýogyn seslisine alt, has ýogyn ses berýänine bolsa bas dutar diýilip at berilýär.