Kös
Gorkut ata zamanynda bir gapdalyna deri örtülip, tokmak bilen kakylyp çalynýan uly möçberdäki gazan we çanak görnüşli deprekler «kös» diýlip atlandyrylypdyr.
Alymlaryň pikirine görä «kös» sözi «guş» sözüniň dürli dillerde özgermegi netijesinde emele gelipdir. Halkymyzyň geçmiş taryhynda kakylyp çalynýan saz gurallarynyň käbir görnüşleri aw pursatlarynda ulanylypdyr. Aw pursatlarynda ulanylan guş dowluň kem-kemden uly möçberdäki görnüşleri emele gelipdir. Taryhy döwür içinde onuň «dowul» sözi galyşyp, diňe «guş» sözi ulanyşda saklanypdyr. «Guş» sözi bolsa dürli dillerde kus, kös, kas ýaly özgerişlere sezewar bolupdyr. Netijede, uly gazan görnüşli deprekler «kös» diýlip atlandyrlyp başlanypdyr. Türkmeniň gadymy kös depreginiň gazan görnüşli düýbi misden, bürünçden, käbir görnüşleri bolsa küýze görnüşli bolup, oňa uly öküzleriň, düýeleriň hamlary çekilipdir.
Parasatly atalarymyz bir uly tutumly işiň başyny dowul, kös urmak bilen başlapdyr. Şondan hem belli wakalaryň şanyna ýeňiş kösi, begenç kösi, hanlyk kösi, ölüm we ýas kösi urlup, wakalar belli bir ritmler arkaly halka mälim edilipdir.
Kös dowullary kakuwlar harby ýörişlerde, söweşlerde esgerleri gaýduwsyzlyga, mertlige ruhlandyrmak, duşmany bolsa alyslardan eşidilýän gümmürdisi bilen howsala salmak ýaly maksatlarda giňden ulanylypdyr. Kös deprekleriň juda uly möçberde bolandygy üçin ony harby ýörişlerde atyň, düýäniň üstüne iki taý edip oturdyp ulanypdyrlar. Şonuň üçin hem halk içinde «at kösi», «düýe kösi» diýen atlandyrmalar emele gelipdir.
Kös depregi biziň günlerimize gelip ýetip bilmedik hem bolsa, ol dünýä saz medeniýetinde özüniň nusgalyk hyzmatyny goýupdyr. Ýewropa saz medeniýetinde emele gelen uly depregiň öz gözbaşyny kösden alyp gaýdýandygyny, hatda kass diýlip, şol öňki adyny hem saklap galandygy barada belli rus sazşynasy R.I.Gruber özüniň «Ählumumy dünýä saz taryhy» diýen kitabynda belläp geçýär.
Çynar GURBANOW