Kernaý


Kernaý



Türkmeniň «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlarynda, şeýle hem türkmen halk dessanlarydyr şahyrlaryň goşgy setirlerinde yzygiderli ýatlanyp geçilýän saz gurallaryň biri hem kernaýdyr. Ol öz gözbaşyny biziň eýýamymyzdan öňden alyp gaýdýan türkmeniň gadymy saz guralydyr. Kernaýyň asyrlaryň jümmüşinden gelýändigine garamazdan, ol taryhy döwür içinde şol bir durkuny saklap, üýtgewsiz biziň günlerimize gelip ýeten saz gurallaryň hatarynda görülýändir.
Kernaýyň uzynlygy 2 metre golaý bolup, ol demirden, bürünçden göni turba şekilli edilip ýasalypdyr. Türk taryhçysy Bahaýeddin Ögel «Kernaý» sözüne şeýle düşündiriş beripdir:

Kernaý – uzyn tüýdük,
Kerrenaý – iň uzyn tüýdük.

Şeýle hem, ol kernaýa Gorkut ata Türkmen zamanyndan başlap, seljuk-Türkmen zamanlarynda-da harby maksatlar üçin giňden ulanylan saz guraly hökmünde baha beripdir. ХVII asyr türk syýahatçysy Efliýa Çelebi Seljuk sTürkmen döwleti döwründe harby maksatlar üçin göni borular /kernaýlar/ bilen birlikde, iki burmaly borularyň giňden ulanylandygy barada özüniň ylmy işlerinde belläp geçipdir.
Kernaý saz guraly aýratynlykda saz çalmak maksatlary üçin niýetlenilen bolman, eýsem ol 4-5 sesiň möçberinde, esasan, harby maksatlarda, ýörişiň, hüjümiň duýduryjysy, esgerleri mertlige, gaýduwsyzlyga ruhlandyryjy saz gural hökmünde hyzmat edipdir. Kernaý saz guraly ýeňişiň, toý dabaralarynyň, oňat wakalaryň buşlukçysy hökmünde hem giňden ulanylypdyr.
Kernaý saz guralynyň göçgünli owazy ýene-de türkmen topragynda toýlarda, uly tutumly döwlet dabaralarynda eşidilip başlady.