2022-nji ýylyň 12–14-nji oktýabry aralygynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde geçirilen «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly


2022-nji ýylyň 12–14-nji oktýabry aralygynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde geçirilen «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly



12-nji oktýabrda

«Türkmeniň Ak öýi» binasynda «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalynyň açylyş dabarasy we festiwalyň açylyş dabarasy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtly senetçileriň hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy.

Myhmanlaryň Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Gyzyl kürte» atly türkmen kinofilmine tomaşa etmekleri.

13-nji oktýabrda

Lebap welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýynda «Adaty senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

«Türkmeniň Ak öýi» binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaraly çäreler geçirilýän binada milli we daşary ýurtly lybaslaryň görkezilişi geçirildi.

14-nji oktýabrda

Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde halkara festiwalyna gatnaşýan daşary ýurtly senetçileriň türkmen kärdeşleri bilen döredijilik duşuşygy we ussatlyk sapaklary, muzeýiň mejlisler jaýynda «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalynyň ýapylyş dabarasy we festiwala gatnaşyjylara diplomlaryň gowşurylyşy geçirildi.