DILLERDE DESSAN PYRAGY


DILLERDE DESSAN PYRAGY



«Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly festiwalyň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi



Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy dünýä edebiýatynyň genji-hazynasynda mynasyp orun eýeleýän milli we bütinadamzat ähmiýetli şygyrlary bilen meşhurdyr. Magtymguly söz ussady, öňdengörüji, akyldar hökmünde öz halkyna şan getiren, türkmen poeziýasyny görlüp-eşidilmedik derejelere göteren şahyrdyr. Halk bähbidini mukaddes saýyp ähli ukyp-zehinini öz halkyna sarp eden ynsan şol halkyň hakydasynda ebedilik ýaşaýar.

Şahyryň çuň paýhasa ýugrulan setirleri aýdymlara siňip, her bir ynsanyň ýürek taryna melhem bolup damýar. Çünki, Magtymguly Pyragynyň goşgularynda umumadamzat ruhy-ahlak gymmatlyklary, ene toprak, halk, Watan baradaky garaýyşlar giňden beýan edilýär. Onuň şygyrlaryna döredilen aýdymlar halkylygy, halk durmuşyny beýan edýänligi bilen hakydalara siňdi. Geljek 2024-nji ýylda şahyryň 300 ýyllygy dabaraly belleniler. Bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda dürli çäreler, maslahatlar, festiwallar yzygiderli geçirilýär.

20-nji maýda Daşoguz welaýatynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi tarapyndan geçirilen «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly festiwalyň Daşoguz welaýat tapgyry hem bu akyldar şahyryň baý we köptaraplaýyn döredijiligini giňden wagyz etmeklige bagyşlanyldy. Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan rowaýatlar, halk arasyndaky durmuş hakykatyny beýan edýän gürrüňler şahyryň sözlerine döredilen aýdymlar bilen utgaşyp festiwala aýratyn bezeg berdi.

Festiwalyň çäginde türkmen milli amaly-haşam sungatynyň eserleri we dutar milli saz guralyny ýasaýjy ussalaryň önümleri, milli zergärçilik sungatynyň kämil nusgalary giňden sergilendi.

Sergide Gahryman Arkadagymyzyň we akyldar şahyryň dürli ýyllarda çap bolup çykan kitaplary mynasyp orun eýeledi. Festiwalda halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň ýörelgelik mekdebi giňden şöhlelendirildi.

Ogultäç HOJANAZAROWA.