MILLI MIRAS GENJI-HAZYNAM
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplanan, jemgyýetiň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bölegi hasaplanylýan gymmatlyklarymyzy öwrenmek, olar baradaky maglumatlary toplamak we geljekki nesillere ýetirmek babatynda möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär. Şonuň ýaly hem Türkmen halkynyň döreden taryhy we medeni ähmiýetli mirasynyň naýbaşy nusgalaryny ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” girizmek maksady bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça edarasy, ýagny ÝUNESKO bilen bilelikde tutumly işler alnyp barylýar.
Mälim bolşy ýaly, bu ugurda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň birnäçesi – “Görogly dessançylyk sungaty”, “Nowruz baýramy”, “Küştdepdi aýdym we tans dessury”, “Türkmen milli halyçylyk sungaty” ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” girizildi we umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar edildi.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen “Mirasym genji-hazynam” atly duşuşyk hem ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” girizilen gymmatlyklary wagyz etmek meselesine bagyşlanyldy.
Duşuşykda çykyş edenler milli mirasymyzyň ajaýyp nusgalaryny öwrenmekde, gorap saklamakda, olaryň medeni-taryhy ähmiýetini dünýä ýaýmakda ähli mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýtdylar.