Pugtama


Pugtama





Pugtama – sanjym usulynyň aýratyn özboluşly görnüşi. «Pugtama»
sözi – berk, mäkäm manysyndaky «pugta» sözünden we «-ma» at ýasaýjy goşulmasyndan ýasalyp, ol sanjym usulynyň hem-de nagşyň adyny aňladýar. Adyndan belli bolşy ýaly, lybaslarda tikin ugurlarynyň ýa-da ýartmaçlaryň berk, pugta, gaýym bolmagy üçin sanjymyň bu usuly peýdalanylýar. Lybaslaryň biçüw bölekleriniň birleşdirilip tikilen ýeriniň, ýagny çyrpylarda ýeňiň ýan, ýeňsapy bilen, tahýalarda depesiniň etege birleşýän ýeriniň berk, pugta durmagy üçin pugtama bilen berklenipdir. Keşdeçiler pugtama arkaly egin-eşikleriň ýartmaçlaryny, köýnekleriň ýakalaryny, tikin üstüni gözel görnüşe getiripdirler. Pugtamada, köplenç, «durnahatar», «dagdan», «byçgydiş», «dogajyk» nagyşlary çekilýär. Pugtama diňe bir sanjym usulyny aňlatman, eýsem, nagşyň adyny hem aňladýar. Jähekleriň başky we soňky uçlaryny birikdirmekde, tahýalaryň depesini etegine birikdirmekde-de şol ýere salynýan nagyşlara «pugtama» nagşy diýilýär.
Pugtama usulyny ýerine ýetirmek üçin nagyş çekiljek ýeriň merkezinden iňňä sapylan sapagy arkada berkidip, soňra matanyň ýa-da pugtalamaly jähegiň ýüzüne çykarmaly. Keşde sapagy çekiljek nagşyň merkezinde saklamaly. Çep eliň başam barmagy bilen sapagy basyp saklamaly. Sag eliň bilen iňňäni
gezekli-gezegine iki tarapa – saga, çepe çümdürip ýene-de merkezden çykarmaly. Her gezek iňňäni merkezden çykaranyňda sapakdan ildirmeli we iňňäni beýleki tarapa çümdüreniňde sapagy basyp saklamaly. Nagşyň merkezinde ýüpek sapakdan ownujak çiglen tikin görnüşi emele gelýär. Çabytlaryň, begresleriň, kürteleriň, çyrpylaryň, donlaryň ýartmaçlarynda, kürtekçelerde, aýak geýimlerde, ýakalarda, ýeňlerde-de pugtamalary synlamak bolýar. Pugtama nagyşlary
dürli-dürli bolup, olaryň käbirleri dikligine, keseligine, gyýtak çigme sanjymlar görnüşinde ýerine ýetirilýär.

Gülnar JORAÝEWA