LEBAPLY KEŞDEÇILER BÄSLEŞDILER


LEBAPLY KEŞDEÇILER BÄSLEŞDILER



Ýakynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Goşa çynar» toý-dabaralar merkezinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy hem-de türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň bilelikde yglan eden «Türkmen keşdeçilik sungaty – milli mirasymyz» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa etrapdyr şäherlerden gelen çeper elli gelin-gyzlar gatnaşdylar.

Bäsleşige gatnaşyjylar üç şert boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň birinji şertinde gelin-gyzlar ady äleme dolan, dünýä nusgalyk keşdeçilik sungatyny ösdürmäge goşýan goşantlary, keşde çekmäge taýýarlygy barada buýsançly gürrüň berdiler. Şeýle-de, bu şertde olar ýüpek sapaklary işmek, nagyş saýlamak, nagyşlaryň ýerini bölmek ýaly taýýarlyk işlerini görkezdiler.

Bäsleşigiň ikinji şertinde keşde çekmek arkaly öz ukyp-başarnyklaryny ýüze çykardylar. Olar keşde çekmek bilen bir hatarda nagyşlaryň döreýiş taryhy barada gyzykly gürrüň berdiler. Bäsleşigiň üçünji şertinde bolsa, oňa gatnaşyjylar öz bejeren el işlerini çeper sözleriň, goşgy setirleriniň, rowaýatlaryň we gazallaryň üsti bilen joşgunly wasp etdiler.

Gyzykly geçen bäsleşikde Saýat etrabynyň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy Maýagözel Ýazkulyýewa birinji, şu etrapdaky 12-nji orta mekdebiň zähmet mugallymy Gülälek Sahatowa ikinji, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň okuwçysy Maýsa Döwranowa hem üçünji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine çäräni gurnaýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.