PALAS DOKAMAK
Ene-mamalarymyz düşekleriň dürli görnüşlerini döredipdirler, dokapdyrlar, öndüripdirler we düşenipdirler. Şolaryň arasynda palaslara hem uly orun degişli. Palas hem türkmen durmuşynda gadymdan bäri ulanylýan düşekleriň biri. Ol özüniň berkligi, ulanmak üçin amatlylygy, owadanlygy bilen tapawutlanýar. Palaslar hem goýun ýüňünden dokalýar. Goýun gyrkylanda palas etmek üçin ýüňler saýlanylyp alynýar. Ondan soň çöp-çalam we gürmeklerden arassalanylýar. Haly we keçedäki ýaly ýüňler ýuwulýar we Güne serilip guradylýar. Onsoň ýüňlerden ýörite erişlik, argaçlyk saýlanylýar. Erişlik ýüň boýalmaýar. Diňe ýerligi we nagyşlary üçin ulanyljak ýüňler boýalýar. Ýüňler boýalanda endigan, hemme ýeri alýança boýagdan çykarylmaýar. Ýüň boýalanda ýörirte boýag taýagy ulanylýar. Şonuň bilen yzygider bulap dursaň boýag endigan alýar. Ondan soň ýüňleri boýagdan çykaryp, ýuwup-durlap, Güne sermeli. Boýalan ýüňleri Güne serip guratmak üçin ýörite ýüpler gerilýär.
Ýüňler gurandan soň olary elde düýtmeli we ýüňdarakda daramaly. Darakdan geçirilen ýüňleri pişgelemeli. Ondan soň ýüňler ikde egrilýär. Palaslyk üçin ýüňleri iki gatlap egirmeli. Onuň towy biraz gowşak berilýär. Palasyň argajy üçin hem iki gatlanyp egrilýär. Palasyň erişlik ýüňi egrilip bolnansoň iki gatlanyp tow berilýär. Onuň towuny berk edip bermeli. Ýüňler egrilip bolnansoň palasy ýüwürtmek işi alnyp barylýar. Obanyň ýaşuly enesinden sähet soralýar. Sähetli gün saýlanyp palas ýüwürdilýär. Palas ýüwürdilende ýere dört gazyk kakylýar. Ululygyny, kiçiligini öz islegiňe görä ölçegde ýüwürtmeli. Palas dokamak üçin giňiş ýer gerek. Ene-mamalarymyz palasy daşarda ýüwürdip daşarda hem dokapdyrlar. Palaslara halk arasynda “Nagşyaşak” hem diýilýär.
Çünki, onuň nagşy aşakda bolýar. Palaslary dokamak ýeňil däl. Ony aşagynda aýna goýup dokamaly. Syk edilip dokalan palaslaryň üstünden suw guýsaň suw arkasyna ötmeýär. Olar şeýle syk dokalýar. Palaslara “Gülýaýdy”, “Hanaýaran”, “Hanýumruk”, “Gysyrbossany”, “Bogazbossany”, “Dogajyk” ýaly nagyşlar salynýar. Dokma dokaýan türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň önümi bolan halydyr palaslarymyz barada «Dokanyndan suw geçmez» diýen aýtgy döredilipdir.
Ogultäç Hojanazarowa