Hamyrmaýa


Hamyrmaýa



Halkymyz çöregi mukaddeslikleriň seresi hasaplaýar. Çöregiň mukaddes bolşy ýaly, onuň hamyrmaýasynyň hem mukaddesdigini her birimiz gowy bilýäris. Ene-mamalarymyz irki döwürlerden bäri hamyrmaýany Günden, suwdan, sowukdyr gyzgyndan gorap saklapdyrlar. Şeýle gadyrlanyp saklanýan hamyrmaýanyň nädip taýýarlanýandygyny bilmek gyzykly bolsa gerek.
Ir döwürlerde hamyrmaýa ýok ýerinde dagda bitýän alwan atly gülli ösümligiň miwesinden hamyrmaýa taýýarlanylypdyr. Alwan sogana meňzeş, daşy artylýan miwe bolup, ony ýurdumyzyň günbatar sebitinde — Köpetdagda tapmak mümkin.
Alwan hakynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli eserinde has giňişleýin beýan edilýär, onuň ösüşi, ýaýraýşy, peýdaly taraplary barada diýseň köp maglumatlar getirilýär.
Hamyrmaýa taýýarlamak üçin alwany birnäçe gün Günüň aşagynda goýup guratmaly. Soňra guran alwanyň gabygyny aýyrmaly. Alwanyň iki sanysyny biri-birine sürtüp, onuň guraksy ununy almaly. Şol un hem hamyrmaýanyň özenini düzýän önüm bolup durýar. Soňra taýýar bolan un ýaly alwandan birki çaý çemçe, duzdan hem şolar ýaly möçberde alyp, bir bulgur mylaýym suwda gowy edip garmaly. Soň un guýup, hamyr ýugurmaly. Hamyry kendirikde iki gün ýaly saklamaly. Taýýar bolan hamyrmaýany täzeden hamyr edip ýugrup, ýene-de iki gün goýmaly. Ynha, şeýdibem, gadym döwürlerde ene-mamalarymyz hamyrmaýa taýýarlapdyrlar. Hamyrmaýanyň taýýarlanylyşynyň ýene-de bir usuly hakda aýtsam, gaba turşan düýe çalyndan bir bulgur guýmaly we duz atmaly. Bir ter pomidoryň daşyny soýup, düýe çalyna gowy ezmeli. Içinde pomidoryň tokga bölegi galmaz derejede owradyp bulamaly. Bular gowy alşansoň, un guýup, hamyr ýugurmaly. Munda hem alwandan taýýarlanylyşy ýaly, taýýar bolan hamyry iki günden soň suw guýup, täze hamyr ýugurmaly. Şondan soň şol hamyrymyz hamyrmaýa bolup hyzmat edip bilýär.

Şamyrat SYPÝANOW