Ýantorbalar
Milli nagyşlar bilen bezelen ýantorbalar ony göterýän zenanlaryň görküne-görk goşýar. Berkligi, gözelligi bilen tapawutlanýan ýantorbalar dokmaçylyk önümleriniň hataryna girýär.
Ýantorbalar çitme, palas, kilim görnüşlerinde we kakma usulynda ýerine ýetirilýär. Palas ýantorbalar öýdüm bilen çitilýär. Şeýle ýantorbalara «buýnuzy», «bossany», «gülýaýdy» ýaly nagyşlar salynýar. Haly ýantorbalary dokamgyň tärleri köpdürli bolýar. Onuň sütüklerini emele getirmek üçin dokmaçylar iki görnüşli ýara we düwe çitimleri peýdalanýarlar.
Kilim ýantorbalary iki tarapy hem meňzeş we bir tarapy tekiz, beýleki tarapynda ýüplükleri çykyp duran görnüşinde dokalýar. Iki tarapy birmeňzeş kilimi dokamagyň birnäçe usullary bar. Ony dokamak üçin reňkli argaçlar ulanylyp, erişleriň arasyndan geçirmek esasynda ýerine ýetirilýär. Nagşyň reňkleri çalşylanda yşlar emele gelmez ýaly, dokmaçylar ýüplükleri biri-biriniň arasyndan geçirýärler. Kämahal bolsa göni däl-de, gyýak görnüşli nagyşlary salýarlar. Öýdümlenip, argaç geçirilende darak bilen berk kakylýandygy sebäpli sülüksiz ýantorbalara kakma hem diýilýär. «Tumar», «böwrek», «kerwensaraý», «gapyrga» nagyşly dürli görnüşli ýantorbalara ezber elli dokmaçy gelin-gyzlar täzeçe öwüşgin çaýýarlar.
Dokalyp bolnan kiçiräk haly, palas, kilim böleklerinden dürli görnüşli ýantorbalary taýýarlamak üçin ýogyn sapak bilen temen ulanylýar. Ýantorbalar alajalar bilen bezelse, olaryň görküne-görk goşulýar. Käbir ýantorbalaryň agzy halka gözenekler bilen bezelýär.